Tükmenistanda ulag-logistika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşygy ýola goýmakda, öz ähmiýetini artdyrýar. Halkara bazarlara geçýän iň gysga ýollaryň – Beýik ýüpek ýolunyň biziň ülkämiziň üstünden geçýändigini nygtamak zerurdyr.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda möhüm meseleleriň biri hem daşalýan harytlaryň öz çäklerinden geçmegi üçin şert döredilmegidir. Munuň üçin bolsa ulag-logistika hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ählisini gyzyklandyrýan mesele uly depgin bilen döredilýän awtoulag we demir ýollarda daşalýan ýükleriň, deňiz üsti bilen üstaşyr daşalýan ýüklerden aňsat etmek we bäsleşmäge bolan ukyplylygyny artdyrmakdyr.Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky yklymara ýükleriň 90 göterime golaýy deňiz arkaly daşalýar.
Gümrük düzgünlerini kämilleşdirmek üstaşyr ýükleri daşamakda derwaýys meseleleriň birine öwrüldi. Halkara bilermenlerine çaklamasyna görä gümrük amallaryndaky bökdençlikler sebäpli ýük ekspeditorlary harytlary getirmek üçin wagtyň 40 göterimini gümrük nokatlarynda ýitirýärler.
Häzirki wagtda ýükleri multimodal usul bilen daşamak has amatly hasaplanylýar. Halkara telekeçilikde logistik hyzmatlaryň iň azyndan iki görnüşini ulanýan, resminamalaryň bir jogapkär adam tarapyndan satyjydan alyja gowşurylýan ulag hyzmatyna multimodal ulag hyzmaty diýilýär. Bu usulda ýükler alnyp barylýan gabyndan, konteýnirden we beýlekilerden başga birine geçirilip bilinýär, ýöne başlangyç nokatdan, ahyrky nokada çenli şol bir şertnama öz güýjüni ýitirmeýär. Bu bolsa ähli tarap üçin hem amatly bolýar.
Häzirki zaman şertleri ýurdumyzyň hem-de sebit ýurtlarynda ulag-logistika pudagynyň ösmegine işjeňlik berýär, şonuň üçin hem Türkmenistan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bu ugurda çynlakaý çemeleşýär.
Teswirler