Türkmen-Brazil hyzmatdaşlygy ilerleýär

Garaşsyz Türkmenistan bilen dostlukly Braziliýa döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar günsaýyn oňyn ösüşlere beslenýär. Bu görkeziji söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň netijesinde aýdyň görünýär. Brazil kompaniýalarynyň türkmen telekeçileri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary barha artýar. Brazil tarapy ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça ençeme teklipleri öňe sürýär. Hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynyň hatarynda oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlary uly orun eýeleýär. Şeýle hem bilim, sport we syýahatçylyk pudaklary boýunça gatnaşyklary ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar.

Braziliýanyň işewürleri ýurdumyzda daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen amatly maýa goýum şertlerine ýokary baha berýärler, ýurdumyzda daşary ýurt maýalarynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadyň döredilendigi, amala aşyrylýan iri möçberli we netijeli durmuş-ykdysady özgertmeler, halk hojalyk toplumynyň ähli möhüm ulgamlarynda gazanylýan ýokary görkezijiler olarda uly gyzyklanma döredýändigini yzygiderli duýmak bolýar.

Türkmen-brazil işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin yzygiderli döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, alternatiw energetikanyň we daşky gurşawy goramagyň halkara kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda, innowasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegini hem hasaba almak bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga özara gyzyklanmalar bildirilýär.

Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok