Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň ähli ýurtlar bilen özara bähbitli, dostlukly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-täjik dostluk ýörelgeleri, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem berk taryhy köklere daýanýar. Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri iki ýurt dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen, ony söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba hojalygy, ylym-bilim, medeniýet hem-de beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürip gelýär.
Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýar. Türkmenistan bilen Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerinde tagallalary birleşdirmäge oňyn şert döredýär.
1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen, iki garaşsyz döwlet — Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklarda täze taryhy döwür başlandy. 1995-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Täjigistanyň ilçihanasy açyldy. Şol bir wagtda, Duşenbe şäherinde-de Türkmenistanyň ilçihanasy hereket edýär.
Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurlar babatda Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Iki ýurduň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmak, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary gurmak maksady bilen haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileri, ykdysady forumlar hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreler yzygiderli geçirilýär.
Dünýäde dili, urp-adatlary, medeniýeti, hatda daşky görnüşinden bir-birine çalymdaş milletler, halklar köp. Türkmen we täjik halklaryny, ine, şeýle halklaryň hataryna goşmak bolar. Iki ýurduň halklaryny diňe bir geografiýa taýdan sebitdeşlik däl, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklarynyň, taryhy ykballarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Iki ýurduň, iki doganlyk halkyň arasyndaky edebi hem-de medeni hyzmatdaşlygyň çuň taryhy kökleri bar. Iki halkyň folkloryndaky meňzeşlikler, eposdyr dessanlaryndaky ýakynlyklar taryhy, ýaşaýyş durmuşy, däp-dessury golaý halklaryň gatnaşyklarynyň has aňyrdandygyna güwä geçýär.
2023-nji ýylyň 16-njy iýulynda Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin sapar bilen ýurdumyza geldi. Bu bolsa dostlukly gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine uly ýardam etdi. Dostlukly ýurduň daşary işler ministrini hormatly Prezidentimiz kabul etdi. Ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda alnyp barylýan ýygjam gatnaşyklaryň mundan beýläkde ösdürmek meselelerine seredildi. Tajigistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň amala aşyran sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze menzillere ýol açýar. Hyzmatdaşlyklaryň geljekki ösüşine giň gözýetimlerde nazar aýlamaga mümkinçilik berýär. Diňe bir iki ýurduň halklarynyň däl, eýsem, başga-da millionlarça ykballara täsir etjek şeýle möhüm wakalar ata Watanymyzyň ösüşiň hem bagtyýarlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasydyr.
Geldimyrat TAGYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler