Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň uly bölegini tutýan nebitgaz pudagyny ösdürmek döwrüň esasy meseleleriniň hatarynda durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem nebit we gaz gorlaryna baý ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, pudagyň yzygiderli ösýändigini dünýä ýüzi ykrar edýär. Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamyny ösdürmek boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biridir. Şonuň bilen baglylykda, ösüşiň täze tapgyrynda nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmäge möhüm üns gönükdirilýär. Bu işleriň çäginde iri senagat toplumlary, gaz geçiriji ulgamlary döredilýär, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, «Türkmenistan — Hytaý» gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler muňa aýdyň mysaldyr.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin anyk wezipeler bellendi. Täze, geljegi uly bolan nebit we gaz meýdançalaryny abadanlaşdyrmak, nebiti we gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeňleşdirmek, ýangyç-energetika toplumyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak şol wezipeleriň hataryndadyr.

Ýurdumyzyň Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýän Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň energetika strategiýamyzy amala aşyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr. Bu gaz geçiriji ýurdumyzda halkalaýyn gaz akdyryjy ulgamy emele getirmäge hem-de gündogar we günbatar ugurlarynda tebigy gazyň uly möçberini göni geçirmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzda we sebitde nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Altynjemal JOMMANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok