Kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti

Ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplar, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Bilim ulgamynda sapaklar multimedia, kompýuter, informasion-kommunikasion tehnologiýalary ulanmak bilen guralýar. Multimedia tehnologiýalary ulanylyp guralýan sapaklar ýaşlaryň bilim derejeleriniň artmagyna, geçilýän temany dersara baglanyşygynda töwerekleýin düşündirmäge ýardam berýär.

Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň esasynda ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak arkaly ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde täze wezipeler goýulýar we giň mümkinçilikler açylýar.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň ajaýyp mümkinçilikleriniň netijesidir

Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýlar ANNABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok