Okuwçylaryň arasynda robotika boýunça synag ýaryşlary geçirildi

Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda robotika synag bäsleşigi geçdi. Bäsleşikde mekdep okuwçylarynyň taýýarlan robotlary ýapon göreşi “sumo” boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň şerti iki robot 1 kwadrat metr ýerde güýç synanşyp, garşydaşyny çäkleriň daşyna çykarmakdan ybarat boldy.

I kategoriýada (14 ýaş we ulylar) Aşgabat şäheriniň 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň topary, II kategoriýada (14 ýaşdan kiçileriň arasynda) bolsa Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň roboty ýeňiji boldy.

Bäsleşik synag görnüşinde geçirildi. Bu ýerde gazanylan tejribe esasynda aprel aýynda has uly göwrümli bäsleşige taýýarlyk görülýär, diýip bäsleşigiň baş guramaçysy, Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mugallymy Ýegenmyrat Annageldiýew nygtady.

Bäsleşik Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebinde geçdi. Synag ýaryşa A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebi, Aşgabat şäheriniň 49-njy, 74-nji, 86-nji, 87-nji, 97-nji, 135-nji orta mekdepleriniň okuwçylar öz robotlary bilen gatnaşdy.

I kategoriýada “Make Block” we “Ardiuno” robot brendleriniň önümlerinden, II kategoriýada “Lego Mindstorm” we “M-Bot” brendlerinden düzülen, jemi 40-dan gowrak robot gatnaşdy.

Bäsleşigiň geçiriljekdigi barada bildiriş 12-nji dekabrda mälim edildi. Gatnaşyjy mekdepler robotika tehnologiýalary bilen gyzyklanýan okuwçylary bilen düzgünnama esasynda 2 hepde taýýarlyk gördüler.

Häzirlikçe synag görnüşinde geçirilen bu bäsleşigiň, aprel aýynda geçiriljek tapgyryny has giňden gurnamak üçin degişli taýýarlyklar görülýär. Ýegenmyrat Annageldiýew öz mekdebinde hereket edýän “Robotika” gurnagynyň Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriň arasynda şeýle bäsleşik geçirmek pikrini orta goýandyklaryny, beýleki mekdeplerden hem seslenme gelendigini aýtdy. Bu bäsleşigiň baş maksady okuwçylaryň logiki pikirlenişini kemala getirmek, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň amalyýete geçirmek, ylym-bilime bolan höwesi artdyrmak, diýip öz sözüne goşdy. Häzirki wagtda 86-njy ýörtileşdirilen orta mekdep Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär, tejribe alyşýar.

14 ýaş we ýokardaky okuwçylaryň arasynda geçirilen I kategoriýada Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Hojamyrat Eýeberdiýew ýeňiji boldy. Bäsleşikde tolgundyryjy pursatlarynyň bolandygyny, ýeňişi ýeňil bolmandygy, ol sözünde nygtady. “Ýarym-final oýuna ýetenimde robotumyň elini berkidýän şaýynyň gowşandygyna üns berdim. Ätiýaçlyk şaýynam tapmadym. Örän alada etdim. Ýaryşdan çykmagyň bäri ýanyndan gaýtdym. Bir metr kwadrat ýerde çalasynlyk etmek öran kyn boldy” diýip Hojamyrat öz ýürek heýjanyny gizläp bilmedi. Roboty taýýarlamakda dosty Rahat Annagylyjow kömekleşdi, emma onuň özi bäsleşige gatnaşmady. Hojaberdi robotikanyň düzülşini robototehnika satuwy geçirýän bir dükanyň hödürlän kursyna gatnap öwrenipdir. 87-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň robotika toparlaryny bäsleşige mugallymlary Ahmet Ballyýew taýýarlady we gatnaşmagyna guramaçylyk etdi.

II kategoriýada, ýagny 14 ýaşdan kiçileriň arasynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi 9 robot bilen gatnaşdy. Bu mekdebiň okuwçylary Atajan Joraýew we Mekan Mekanowyň taýýarlan roboty “Sumo” göreşi boýunça ähli garşydaşlaryny ýeňip, baş baýraga eýe boldy.

Toparlary ýaryşa bu mekdebiň mugallymlary Atamyrat Şahanow we Berdimyrat Ýazhanow taýýarlady. Berdimyrat mugallym: “Mekdebimizde birnäçe ýyl bäri robotika bilen baglanşykly synpdan daşary çäreler gurnalýar. Ýygnalan tejribäniň netijesinde “Oguz robot” gurnagy ýola goýduk, hat-da onlaýn saýt açdyk. Gurnagymyza degişli maglumatlary oguzrobot.siterubix.com internet salgysynyň üsti bilen görüp bolýar. Ylymlar Akademiýasynyň garamagyndaky “Tehnologiýalar merkezi” bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris, ” diýdi.

Galyberse-de, bu mekdepde okaýan Ahmet Amanow gurnagyň kapitany bolup, guramaçylyk işlerinde ýolbaşçylyk edýär. Ahmet diňe şu ýylyň özünde robotika boyunça halkara bäsleşiklerde iki baýrakly oruna mynasyp boldy. Ýagny Dubaýda geçen FIRST Robotics Competition olimpiýadasynda altyn, ABŞ-da geçen Genius Olympiad mekdep okuwçylarynyň taslama bäsleşiginiň robotika kategoriýasynda bürünç medala eýe boldy. Oswegodaky New York döwlet uniwersitetiniň bolsa ýokary okuwynda ýeňillik baýragynyň eýesi boldy. Ýeri gelende aýtsak Ahmet Amanow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe saýlanan ýaşlar üçin berilýän ýörite noutbuk sowgatyna-da mynasyp boldy.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi okuwçylaryň daşary ýurt dillerini, ynsanperwer we tebigy bilimleri döwrüň talaplaryna laýyk öwrenmekleri üçin öwreniş prosesini okuwçy merkezli usulyýetde alyp barýar. Synpdan daşary çäreler we gurnaklaryň çaganyň şahsy ösüşine berýän täsirinden giňden peýdalanylýar. Bu mekdebiň okuwçylary 2019-njy ýylyň dowamynda halkara olimpiýadalarda 24 medala eýe boldy. Bolaryň 15-si altyn, 2-si kümüş we 7-si bürünç bolup durýar. Bu mekdebiň uçurymlary Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.

Robotika tehnologiýalaryny öwreniş we taslama taýýarlamak boýunça işleri Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdepleri, Ýaş alymlar merkezi, Tehnologiýalar merkezi we beýleki ylym-bilim edaralary alyp barýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok