Türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy Magtymguly Pyragy özünden soňky şahyrlara dil arassalygyny, sözüň ötgürligini, adamlary ruhy we ahlak taýdan bitewileşdirýän terbiýe mekdebini galdyrdy. Magtymguly özbaşdak döwlet gurmagyň zerurdygyny döwürdeşlerinden has ir görüp bildi. Ol bu parasatly pikirlerini asyrlara, eýýamlara uzaýan şygyrlarynda hemmelere düşnükli beýan etmegi başardy.
Akyldar şahyr döredijiliginde ýagşylyk hakynda pikir ýöredýär. Çuňňur pikire, akyl gämisine düşen şahyr ynsan kalbynyň tebigatyna, onuň älem-jahandan hem giňdigine düşünmek isleýär. Ol goşgularynda ýagşylyk we watansöýüjilik hakynda ençeme pikirleri ussatlyk bilen beýan edýär, çeper sözüň üsti bilen şöhlelendirýär.
Akyldar şahyrymyz bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Çünki, öz halkyny söýen şahsyýet beýleki halklary hem söýmäge ukyplydyr. Şahyryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky halka ýaýan pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky eden wesýetleri öz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, olaryň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti biten halk köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyryň baryp, XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün nesiller üçin hem uly durmuş mekdebidir. Beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün bütin dünýä tanaýar. Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi halkymyzy örän buýsandyrýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent sarpasy barha artýar.
Şirinjemal JUMAHANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň mugallymy.
Teswirler