Dumly-duşdan dürli-dümen

Äpet meteorit

Russiýaly hünärmenler ýakynda Çelýabinsk oblastyna düşen meteorit ylmy taýdan öwrenilende, möhüm hem-de gyzykly açyşlaryň edilendigini aýtdylar. Mälim bolşy ýaly, mundan 10 ýyl ozal kosmos daşy bu ýere düşdi. Şondan bäri hem ol öwrenilýär. Meteorit Ýere düşende döwlüp aýrylan bölekleriň iň ulusy 600 kilogramdan geçýär. Ol Çebarkul kölüniň düýbünden çykaryldy. Äpet meteoritiň birnäçe bölekleri öwrenmek üçin laboratoriýalarda, käbirleri muzeýlerde goýuldy. Äpet meteoritiň düzümi anyklanyldy hem-de onda mineral sapajyklaryň bardygy subut edildi. Şeýle-de meteorit tozanjyklaryndan täze görnüşdäki kristal tapyldy. Hünärmenler şunuň ýaly kristalyň Ýerde duşmandygyny belläp geçýärler.

Paýtun muzeýi

Portugaliýada bolan her bir syýahatçy hökman paýtagt şäher Lissabondaky Milli paýtunlar muzeýine-de baryp görýär. Muzeýiň ýerleşýän binasynyň hem özboluşly taryhy bar. 1787-nji ýylda patyşa Huan VI atda türgenleşik geçmek üçin ýörite meýdança gurdurýar. Şol toplumyň binasy ýyllaryň geçmegi bilen paýtunlaryň muzeýine öwrülýär.

Gaýadaky täsinlik

Peru döwletinde deňiz derejesinden 4000 metr belentlikde ýerleşýän, elmydama sowuk suwly Tititaku kölüniň golaýyndaky ýylçyr gaýanyň dik tekizligi adam elleri bilen kesilen ýaly görnüşi emele getirýär. Ol geçen asyryň ahyrlarynda peruly alpinist tarapyndan açylýar. Onuň aşak tarapynda derweze görnüşli uly bolmadyk tagça ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň arasynda «Hudaýlaryň derwezesi» diýlip atlandyrylýar. Saklanyp galan rowaýatlara görä, entek bu derwezäniň açary tapylmanmyş. Granit gaýanyň nämedir bir desga taýýarlamak üçin gadymy inkler tarapyndan kesilendigi we soňra taşlanyp gidilendigi çaklanylýar.

Kamila AŞIROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok