Türkmen-eýran gatnaşyklary giňeldilýär

Häzirki wagtda baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilik we özarabähbitlilik gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Bu ugurda, hususan-da ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we söwda-ykdysady ugurlarda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistan Eýran bilen özara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň alyp barýar we ýokary depginde has-da giňeldýär.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslan Respublikasyna amala aşyran sapary iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy we özara bähbitlilik, dostluklyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrar.

Iki döwletiň arasynda 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulypdy. Bu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna 31 ýyl boldy. Bu döwürde iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan özara gatnaşyklar has-da giňedi. Muňa 1996-njy ýylda açylan Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoluny, 1997-nji ýylda gurulan Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisini, 2010-njy ýylda açylan Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisini we iki dostlukly döwletiň serhedinde gurulan “Dostluk” suw howdanyny mysal getirip bolar. Elbetde, bu ösüş diňe bu ugurlarda däl eýsem medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we syýahatçylyk  ugurlarda hem ägirt uly ösüş gazandy.

Daýanç AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok