Ýylyň ähli paslynda saglygymyza peýdaly ter gök otlaryň biri bolan şibit düzüminde peýdaly maddalary saklaýar.
Şibit birýyllyk derman ösümlikdir. Bu ösümlik ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ekilýär. Lukmançylykda şibidiň oty hem-de tohumy dermanlyk çig mal hökmünde ulanylýar. Ösümlik dürli witaminlere baýdygy, hoşboý ysy, ekilen mahaly howa şertlerine durnuklylygy hem-de idegde ynjyk däldigi bilen tapawutlanýar. Ol Güni halaýan ösümlikdir. Şibidiň düzüminde С, РР, Р, Е, В1, В2, В6 witaminleri, nikotin we foliý turşulary, flawonoidler, kalsiniň, demriň, fosforyň we kaliniň duzlary saklanýar. 100 gram ter önümde 43 kaloriýa, 3 gram belok, ýag, uglewod bar.
Şibit lukmançylykda hem-de iýmitde giňden ulanylýar. Ol dürli tagamlary taýýarlamakda iň köp ulanylýan otlaryň biridir. Onuň hoşboý ysy we ýakymly tagamy islendik naharyň, işdäaçaryň, gaplama önümleriniň, buglamalaryň dadyny has süýjedýär. Ony islendik önüm bilen garyp iýmek, hem peýdaly, hem tagamlydyr. Hatda iýmite şibit goşulan halatynda, tagama ondan başga ot goşmak hem gerek däl. Çünki onuň özüniň tagamy hem ysy iýmitiň işdä ýakyn bolmagy üçin ýeterlikdir.
Şibit bedene düşýän artykmaç duzlaryň aýrylmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Onuň gaýnamasy çagalaryň iç ýellenmesinde ýel aýryjy serişde hökmünde peýdalydyr. Öňki döwürlerde ösümligiň tohumyny agyzdaky ysy aýyrmak üçin çeýnäpdirler. Sibit diňe lukmançylykda däl, eýsem, gözellik serişdelerine goşmak üçin hem giňden ulanylýar. Ony şampunlara, sabynlara, beden üçin niýetlenen çalgylara goşýarlar.
Akmaral SAPARBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler