Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi

Mähriban halkymyz ýurdumyzyň beýik ösüşleri bilen birlikde, ak bagtymyzyň wysaly Aşgabat şäheriniň nurana keşbiniň günsaýyn gözelleşýändiginiň şaýady bolýar. Dünýäde ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen paýtagty bu gün ösüşiň, rowaçlygyň, gözelligiň, bagtyýarlygyň, berkarar döwletliligiň, aýratyn-da, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen tutumly maksatlaryň amal edilýän, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylýan ajaýyp mekanyna öwrüldi.

Geçen sanlyja ýylyň içinde Köpetdagy etekläp oturan Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Täze gurulýan döwrebap binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, awtomobil ýollary we köprüler, täsin seýilgähler, gür baglyklar, al-elwan güller paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň merjen paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň binagärligiň özboluşly nusgalary bilen utgaşmagy, merdana pederlerimiziň, şöhratly ata-babalarymyzyň bu ugurda toplan köpýyllyk tejribeleriniň, asylly ýörelgeleriniň hem aýdyň dabaralanmasydyr. Şunda taryhy çeşmelerdir ýazuw ýadygärlikleriniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Köpetdagyň dag gerişlerini etekläp oturan bu ýerler şöhratly geçmişimiziň ähli döwürlerinde-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça halkara gatnaşyklary ulgamynda möhüm syýasy, ykdysady, medeni merkez bolup, yklymlaryň, medeniýetleriň ösüşiniň möhüm çatrygy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Aşgabat şäheriniň halkara ähmiýetli işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändigi nazara alnyp, häzirki günlerde bu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna hem möhüm ähmiýet berilýär. Muňa bu ugurdaky gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň we ýokary halkara ülňüleriniň göz öňünde tutulmagynyň, gurulýan desgalaryň hil derejesine, bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Aýgül GYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok