Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň öz halkynyň akyl paýhasyndan ugur alyp, onuň milli mirasynyň dürdäneleriniň ündewine eýermek bilen, dünýä we adamzat ýaşaýşynyň ähli taraplary hakynda filosofik äheňde ölmez-ýitmez goşgular goýup giden beýik ynsandygyny dünýä jemgyýetçiligi doly ykrar edýär. Onuň miras goýan, durşy bilen paýhasa ýugrulan şygyrlary halkyň diliniň senasyna öwrülip, watansöýüjiligiň nusga alarlyk ýörelgesi bolup, ägirtligi we çuňlugy bilen ummany ýadyňa salýar. Hut şu hakykaty göz öňünde tutup, belli gündogarşynas rus alymy E.Bertels onuň döredijiligini «Jemşidiň jamyna» meňzedip, oňa dogruçyl hem adalatly baha berýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watansöýüjilik ilkinji orunlarda diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz, sebäbi ol türkmene mahsus bolan gylyk-häsiýetleri öz atasy Azadynyň we beýleki söz ussatlarynyň döredijiliginden ýerlikli peýdalanyp, halkyň aňyna berk ornaşyp biljek goşgulary döretmegi başarypdyr. Ol watansöýüji şahyr hökmünde, bir tarapdan, milletimiziň müňýyllyklaryň dowamynda taryh ussahanasynda sünnäläp ýetişdiren az hem, uz atalar sözüdir halk döredijiliginiň beýleki ugurlaryndan ussatlarça ulanan bolsa, beýleki bir tarapdan, bütin gündogar edebiýatynda, belki-de, dünýäde ajaýyp nyşanlara deňelen we her biriniň aňyrsynda giden bir rowaýat ýatan atalar sözlerine öwrülen adalgalary özüniň giň dünýägaraýşyny beýan etmek üçin örän ýerlikli ulanyp bilipdir. Hut şonuň üçin hem onuň köp goşgularyny, ylaýta-da, filosofik düşünjelerini halk köpçüligine has düşnükli beýan etmek üçin ençeme kitaplary ýazmak bolardy, sebäbi beýik akyldar taryhyň gadymy köklerinden ugur alyp, geljekde garaşylýan wakalary şygyr üsti bilen halka ýetirmegi başaran beýik söz ussady bolupdyr. Manysy boýunça örän baý döredijiligini halkyna miras goýup bilen şahyrdygyny onuň döredijiligi bilen tanşan her bir ynsan bilýändir.
Elbetde, Magtymgulynyň watansöýüjilik baradaky oý-pikirlerini açmak we halk köpçüligine has düşnükli beýan etmek ugrunda türkmen edebiýatynda Baýmuhammet Garryýewiň, Mäti Kösäýewiň bitiren hyzmatlaryndan başlap şu günki güne çenli edilen iş az däl, ýöne edilmeli işleriň ondanam köpdügine ýokarda ady tutulan halypalaryň işleri bilen tanşanyňda göz ýetirýärsiň.
Magtymguly Pyragynyň nakyllardyr, atalar sözüne baý bolan döredijiligi halkyň aňyna müdimilik ornaşyp, özboluşly ajaýyp pikirleri emele getirýär, kalbynda watansöýüjiligiň päk duýgularyny döredýär. Ynsanperwer häsiýetleriň emele gelmeginde Magtymguly Pyragynyň ornunyň uludygyny bellemek gerek. Onuň döredijiligi türkmeniň milli gymmatlyklarynyň derejesini has-da belende göterýär.
Aýgül DÖWLETMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler