Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri

2023-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri” atly sergisi gurnaldy. Bu sergide 2013-nji ýylyň uçurymlarynyň we olaryň döwürdeşleriniň döredijiligi bilen tanyp bolýar. Nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, amaly-haşam sungaty ugurlary boýunça Aýjemal Çaryýewa, Ajap Annamanowa, Amanmyrat Modyýew, Baýram Bazarow, Begenç Berkeliýew, Oguljan Durdyýewa, Rahman Rahmanow, Atda Atdaýew ýaly birnäçe ýaş suratkeşler gatnaşdy.

Nakgaşçylyk ugry boýunça “Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri” atly döredijilik sergisine gatnaşan suratkeşleriň biri hem Begenç Berkeliýewdir. Zehinli suratkeş Begenç Berkeliýew özüniň ýerine ýetirýän işlerinde, esasan, realizm, impressionizm, postimpressionizm, fowizm ugurlaryna ýykgyn edýär. Ol surat çekmekligiň dürli tilsimlerden we tehniki usullardan peýdalanyp, reňkleriň owadan sazlaşygy esasynda täsin eserleri döredýär. Suratkeşiň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda onuň täzeçil pikirleri durmuşy, portret, natýurmort, peýzaž  žanrlarda şöhlelendirýändigini görmek bolýar. Bu sergä Begenç Berkeliýew “Tutlaryň arasynda”, “Kesilen tut”, “Keser tut”, “Üç ýap”, “Aýlantus bagy”, “Leýli”, “Enaý”,  “Ýaz geldi”, “Gyşyň soňky günleri” ýaly birnäçe nakgaşlyk eserleri bilen gatnaşdy. Suratkeşiň ýiti zehininden dörän döredijilik hazynasynyň arasynda mynasyp ornuny tapan bu eserler tomaşaça öz täsirini ýetirip, ajaýyp duýgulary oýardy.

Suratkeşiň “Aýlantus bagy” atly eseri 2023-nji ýylda postimpressionizm akymynyň çeperçilik serişdeleri arkaly kendiriň ýüzüne ýazylýar. Tomaşaçy esere syn edeninde onuň ilkinji nazary Aýlantus bagyna, soňra uzak gözýetime çenli uzalyp gidýän jaýlara düşýär. Reňk çözgüdinde ýiti öwüşginli sowuk we ýyly reňkleriň gapma-garşylygy Begenç Berkeliýewiň nakgaşlyk sungatyndaky döreden eserlerini beýlekileriňkiden  tapawutlandyrýar.

Begenç Berkeliýewiň portret žanrynda-da birnäçe eserleri döredýär. Çagalaryň portretlerinden çeperçilik stili taýdan realizm stilinde ýazylan “Leýli” atly eserinde şekillendirilen owadan ýaş gyzyň keşbinde romantik häsiýet ýüze çykarylýar. Her bir bölegi söýgi bilen ýugrulanlygy eseriň umumylygynda hem duýulýar. Ýagtylygy, päkligi we saplygy aňladýan ak köýnekli Leýliniň ýüzi mähirden püre-pürlenen, şol mähir eseriň ähli giňişligine ýaýraýar. Suratkeşiň ýiti zehininden çykan döredijilik hazynasynyň arasynda mynasyp ornuny tapan bu eserde gyzlara mahsus bolan näziklik, mylaýymlyk tomaşaça öz täsirini ýetirýär.

Ýaşaýyş döräli bäri adamlaryň durmuşy tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyk esasynda dowam edip gelýär. Begenç Berkeliýewiň ýerine ýetiren eserlerini synlanyňda adam bilen tebigatyň arabaglanşygyny nygtalýandygyny görmek bolýar. Suratkeşiň “Tut” atly toplumlaýyn işinde göräýmäge diňe bir dürli reňkli tut agaçlary haşam görnüşinde açylyp görkezilen ýaly hem bolsa, olar many-mazmun taýdan baýdyr.  Bu eserleri has içgin synlanyňda ol tutlaryň üsti bilen suratkeşiň adamyň ruhy duýgusyny açyp görkezýändigini duýmak bolýar. Ony bolsa suratkeş reňkleriň, tut agaçlarynyň hereketli keşbiniň üsti bilen görkezmegi başarýar.

Ogulgerek PÜRSÝÄNOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok