Aşgabat şäheriniň güni dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi ýaýratmak maksatly giň gerimli işleri durmuşa geçirmek, geljekde paýtagtymyzyň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen bellenilip gelinýär. «Türkmenistanyň paýtagty hakynda» Kanun Aşgabadyň esasy derejesini has-da berkitdi. «Ak şäherim Aşgabat» binasy bolsa paýtagtymyzyň binagärlik nyşanyna öwrüldi.
Aşgabady ösdürmek boýunça konsepsiýasa Türkmenistanyň paýtagtyny adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryna laýyk gelýän dünýäniň iň öňdebaryjy, döwrebap, owadan şäherine öwürmekden ybaratdyr. Giň gerimli, çalt depginli, ýokary hilli gurluşyk işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Şäheriň çäkleriniň giňeldilmegi paýtagtymyzyň syýasy-ykdysady ýagdaýynyň ösmegine, Aşgabadyň dünýä derejesindäki megapolise öwrülmegine ýardam berdi.
Halkymyzyň ösüş depginini we medeni-taryhy däplerini alamatlandyrýan Aşgabat şäheriniň birnäçe binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabat iň uly binagärçilik suw çüwdürimler toplumy ýerleşýän şäher hökmünde bellige alyndy. 2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ak şäherimiz Aşgabatda dikilen Baş Baýdagymyz şol döwürdäki iň belent flagştok hökmünde ilkinji gezek, şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermerli şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu zatlaryň ählisi Aşgabady ösdürmekde dünýä derejesinde uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň paýtagty diňe öňe bolan hereketi alamatlandyrýan şäherdir. Ajaýyp görnüşi we giň gerimli üstünlikleri bilen Aşgabat özüni täze müňýyllykda türkmen halkynyň ýokary ruhuny, baý medeniýetini, zähmetsöýerligini, parahatçylyk söýüjiligini we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunlylygyny alamatlandyrýan şäher hökmünde ykrar etdirýär. Aşgabat şäheriniň güni, onuň 142 ýyllyk şanly senesi — ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy, medeni wakadyr.
Yhlas AMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler