Pyragynyň şekilini döreden ussat

Akyldar şahyryň döredijiligi şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde öz ornuny tapdy. Onuň nusgalyk keşbini ilkinji bolup döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Aýhan Hajyýewdir. Ol türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat ussatlarynyň tutuş nesliniň kemala gelmegine uly goşant goşdy. 1947-nji ýylda Aýhan Hajyýewiň durmuşynda şanly waka bolup geçýär, ýagny Aşgabatda Magtymgulynyň kanoniki portretini döretmekde döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Moskwanyň W. T. Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň talyby Aýhan Hajyýew hem bu bäsleşige gatnaşýar. Suratkeş ilki bilen, şahyryň dogduk obasy Gerkeze gidip, onuň dogan-garyndaşlary bilen söhbetdeş bolýar. Ol Magtymgulynyň garyndaşlarynyň suduryny çekişdirip, şahyryň keşbine golaýlyk tapmaga çalyşýar. Obadaşlaryndan Magtymgulynyň keşbi, endikleri barada soraşdyrýar. A. Hajyýew soň-soňam dana Pyragynyň ýaşap geçen ýerlerine aýlanyp, köp maglumatlary toplaýar. Suratkeş edebi çeşmelere-de ýüzlenýär. Berdi Kerbabaýew, Mäti Kösäýew ýaly ýazyjylar bilen maslahatlaşýar. Irginsiz döredijilik gözleglerinden soň Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti döreýär. Aýhan Hajyýewiň azaby ýerine-de düşýär. Onuň döreden portreti bäsleşikde «Iň gowy eser» diýlip ykrar edilýär. Şondan bäri oýun goýýan we kino düşürýän režissýorlar-da, heýkeltaraşlar-da Aýhan Hajyýewiň döreden keşbinden ugur alýarlar. Aýhan Hajyýewiň yhlasly gözlegleri netijesinde şahyryň keşbi, onuň çylşyrymly içki dünýäsi açylyp görkezilýär. Şeýlelikde, döredilen portret eseri ähli okuw hem çeper neşirlere girizilýär. Mundan başga-da, suratkeş «Magtymguly zergär» (1959), «Boýun egmezek» (1960), «Bäşimiz» (1983), «Magtymguly we Meňli» (1983), «Bitewi maşgala» (1983), «Zyýarat» (1991) atly eserlerinde hem beýik şahyryň keşbine ýüzlenýär.

Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda gözel manzaraly Bagyr obasynda dünýä inipdir. Suratkeşligiň ýaş muşdagy dogany bilen bile Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky ýatymlaýyn mekdebiň dürli bölümlerine: Aýhan – sungat bölümine, dogany – aýdym-saza girýär. Aýhan internatdan soň Çeperçilik tehnikumyna okuwa girýär, ony tamamlandan soň bolsa, Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda suratkeş bolup işe başlaýar. 1944-nji ýylyň ahyrynda Aýhan özüniň söýgüli suratkeşi Wasiliý Iwanowiç Surikowyň adyny göterýän Moskwa sungat institutynda bilimini dowam etdirýär.

Çynar ŞAWYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok