Goşgulary dilde dessan, Magtymguly Pyragynyň!

Söz äleminiň ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy barada söz açylanda, ilki bilen, pederlerimiziň ilhalar, ylymly-bilimli, asylzada, akylly nesilleri terbiýelemekde, abraýy arşa galan berkarar döwleti gurmakda, ynsanperwer ýol-ýörelgeleri dowam etdirmekde salgylanan nusgalyk mekdebiniň düýbüni tutujy akyldaryň, edebiýat ägirdiniň merdana keşbi göz öňünde janlanýar.

Magtymguly galamy bilen halkyny 300 ýyl wagt bäri döreden köňül suprasynyň başynda jemlemegi başaran söz ussadydyr. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar.

Magtymguly Pyragy özünden ozalky söz ussatlaryndan parasatly pikirleri bilen öňe saýlanyp, türkmenleri bir bitewi döwlet gurmaga çagyran beýik akyldardyr. Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş edipdir.

Öňde bir söz gadyryny bilýän kişi Magtymgulynyň kitabyny okapdyr. Göwnüne ýaran setirleriniň aşagyny çyzypdyr. Soň ýene bir gün okapdyr. Bu saparam birnäçe setirleriň aşagyny çyzypdyr. Üçünji gezek okanyndan soň, eden belliklerine esewan etse, bar setirleriň aşagy çyzylaýan eken. Magtymgulynyň döredijiligi öz okyjysyny durmuşyň ähli meseleleri boýunça özüne imrindirip bilýär.

Akyldar şahyryň edebi mirasy, N.Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň gahrymany Welmyrat aganyň dili bilen aýtsak «her sözi köşekli düýä degip duran» edebi gymmatlykdyr.

Batyr GURBANMÄMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Emrah Yılmaz

Salam! Bu sözlem maňa degişlidir: "Magtymguly galamy bilen halkyny 300 ýyl wagt bäri döreden köňül suprasynyň başynda jemlemegi başaran söz ussadydyr." Bu sözlem, Edebiýat we sungat gazetiniň 19-njy fewral 2021-nji ýyldaky sanynda "Sözi Dillerde Gezen Şahyr: Magtymguly" atly makalamda geçýär. Azyndan söz eýesinden gürrüň etmelidi, özüniňki ýaly etmek dogry däl.