Şahyrana döredijiligi bilen ýürekleriň töründe orun alan beýik akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýyllar geçdigiçe, asyrlar aýlandygyça öz gymmatyny has-da artdyrýar. Onuň goşgulary biziň kalbymyzda aýdym bolup, mukam bolup ýaňlanýar. Şahyryň setirleriniň ençemesi halk nakyllary ýaly, parasatly jümlelere öwrülip gidipdir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip, Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban topragyň hakyky watançysy Magtymguly Pyragy ýüzlerçe ýyl mundan öň özüniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň azatlygy we bagtyýarlygy barada arzuw edipdi» diýip belleýär. Şahyr türkmen tebigatyny, onuň sährasyny, dagyny, düzüni, derýasyny, topragyny, halkyny wasp edende, Watanyň mukaddesligine göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragy döwletiň berkararlygyny arzuwlap:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol, erkin mydam, budur türkmen binasy —
– diýip ýazypdyr.
Magtymguly Pyragy Watanyny janyndan eý görüpdir, söýüpdir, ezizläpdir, gara gözleriniň garasyna deňäpdir. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasydyr». Ynha, şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, akyldar şahyryň ajaýyp şygyrlary halkymyzyň iň gymmatly baýlygydyr, ruhy hazynasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp döwrüne eýe boldy.
Äşe ÇAÝTYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler