Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti

Beýik Britaniýanyň iri hem-de öňden gelýän ýokary okuw mekdepleriniň biri Oksford şäherinde ýerleşýän uniwersitetdir. Bu uniwersitet XII asyryň birinji ýarymynda, käbir çeşmeleriň maglumatlaryna görä, XIII asyrda esaslandyrylypdyr. XII asyrda Oksford uniwersitetiniň gumanitar, ýuridiki-hukuk, ylahyýet hem lukmançylyk fakultetleri bolupdyr.

Oksford uniwersitetinde orta asyrda R.Bekon, Ioann Duns Skot, J.Uiklif, täzeden döreýiş eýýamynda – Erazm Rotterdamskiý, T.Moor, 1703-nji ýyldan uniwersitetiň professory E.Galleý, XVII asyrda Ž.Lokk, A.Smit, R.Boýl mugallymçylyk edipdirler. Oksford uniwersitetini dürli ýyllarda Beýik Britaniýanyň Premýer ministrleriniň 22-si tamamlady.

Oksford uniwersiteti öz-özüňi edara ediş ýokary okuw mekdebi bolup, ol diňe parlamente tabyndyr. Maliýe babatynda Oksford uniwersiteti döwlete hem-de şahsy adamlaryň sadaka ýardamyna garaşlydyr.  Munuň özi onuň býujetiniň üçden iki bölekden gowragyny düzýär.

Oksford uniwersitetiniň düzüminde 39 kollej bar. Şolardan 29-sy erkek adamlar, 5-si zenanlar üçindir, 5-si hem gatyşyk kollejlerdir. Şolardan din, hukuk, lukmançylyk, nusgawy edebiýat, Ýewropanyň orta asyr we häzirki zaman dilleri we edebiýatlary, Gündogary öwreniş, fiziki ylymlar, matematika, biologiki we oba hojalyk ylymlary, psihologiýa, sosial ylymlar, geografiýa, sungaty öwreniş, saz ýaly fakultetleri hem bar. Bu ýerde kafedralaryň sany 22-dir.

Ýöriteleşdirilen ençeme ylmy-barlag institutlary hem-de laboratoriýalary, şol sanda matematika, lukmançylyk barlaglary, Gündogary öwreniş, mugallymçylyk, eksperimental psihologiýa, ykdysadyýet, oba hojalyk boýunça barlaglar institutlary-da bar. Organiki däl himiýa, fiziki himiýa, himiki kristallografiýa laboratoriýalary işleýär.

Gurbangül ŞIRMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok