Ýagyş – täsin tebigatyň ajaýyp hadysasy

Ýagyş damjalarynyň tizligi

Ýagyş damjalary biri-birlerinden esasan hereket tizligine görä tapawutlanýarlar. Elbetde, bu bolsa olaryň  tizligi hakynda gyzyklanma döredýär. Ýagyş damjalarynyň tizligi sagatda 32 km çenli hem ýetip bilýär. Ýöne damjalaryň käbiri bolsa ýere 3 km tizlikde düşýär, bu bolsa pyýadanyň tizligindenem pesdir.

Ýagyş damjalarynyň şekilleri

Ýere düşýän pursatyndan başlap ýagyş damjalarynyň şekili gamburgeriň üstki gatlagyny ýada salýar.

Ýagyş damjasynyň agramy

«Çabga» ýa-da «güýçli ýagýan ýagyş» çişirilen jümlelerdir, sebäbi ýagyş damjasynyň ortaça agramy 0,2 grama deň diýlip çaklanylýar. Bu bolsa ynsan kirpiginden hem ýeňildir.

Ýagşyň düzümi

Eger ýagyş suwy içmäge ýaramly bolsa onda onuň düzüminde nämeleriň barlygyny  bilmek zerur. Alymlaryň anyklamagyna görä, ýagyş suwunyň düzüminde bakteriýalar, parazitler, tozan, tüsse we başga-da himikatlar bar ekeni. Şonuň üçin hem ýagyş suwuny içmäge hyýallanmazdan öň pikirleniň!

Petrikor

Ýagyş damjalary ýere düşende özboluşly ys peýda bolýar. Bu ysyň «Petrikor» diýlip atlandyrylýandygyny köp kişi bilýänem däldir. «Petrikor» grek dilinden gelip çykyp, «petra» – peç, «ichor» – suwuklyk diýmekligi aňladýar.

Ýagşyň görnüşleri

Alymlaryň tassyklamagyna görä, Ýerden başga planetalarda hem ýagyş ýagýar. Ýöne ol köplenç başga materiallardan ýagny, almazlardan, altyn kükürt kislotasy we daşlardan ybaratdyr.

Batyr SÖÝÜNOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok