Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam özüniň mynasyp ösüş ýoluna düşdi. Döwletimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynda hem munuň subutnamasyny görýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary tehnologiýaly pudaklary, nazary we amaly bilimleri, maglumat tehnologiýalaryny täze derejelere çykarmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerini kämilleşdirmäge itergi berdi.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Okgunly ösýän sanly tehnologiýalar dünýä hojalygyny alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegini şertlendirýär. Häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan üznüksiz innowasiýa işi bilen baglylykda, dünýä ýurtlary bilen bir hatarda, Türkmenistanda hem pudaklaryň gurluşy kämilleşdirilýär, ykdysadyýeti ösdürmek üçin täze ugurlar we mümkinçilikler peýda bolýar. Ýurdumyzda edara-kärhanalaryň, guramalaryň we ilatyň sanly intellektual tehnologiýalaryndan has netijeli peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikler hem-de amatly şertler döredilýär. Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär.
Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamy artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her birimiziň ýüregimizde döredýän bu beýik ynamy bizi durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze üstünliklere we galkynyşa ruhlandyrýar.
Begenç AMANSAHADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler