Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ede­bi mi­ra­sy­myz, ene di­li­miz yl­my esas­da öw­re­nil­ýär we wa­gyz edil­ýär. Şeý­le gym­mat­ly mi­ra­syň ha­ta­ryn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Çün­ki baý ma­ny-maz­mun­ly goş­gu­lar ede­bi­ýa­tyň al­tyn ha­zy­na­sy­dyr, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň be­lent was­py­dyr. Şo­nuň üçin hem türk­men hal­ky öz baý ede­bi mi­ra­sy­na uly sar­pa goý­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne sar­pa bol­sa aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.

Mag­tym­gu­ly­nyň ady, onuň şa­hy­ra­na owa­zy öz döw­rün­de we şon­dan soň­ra­ky ýyl­lar­da, aý­ra­ty­nam Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki umu­my döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýe­di yk­ly­ma ýaý­baň­lan­ýan ýaň bo­lup, älem-ja­ha­na ýaý­ra­dy. Bu adyň öz­bo­luş­ly, iň­ňän gym­mat­ly ta­ra­py onuň ýe­ke-täk bir şah­sy­ýe­tiň mer­te­be­si­ni aň­lat­man, eý­sem, tu­tuş bir mil­le­tiň – türk­me­niň at-owa­za­sy­ny, ab­ra­ýy­ny tug ki­min be­len­de gal­dy­ran­dy­gy bi­len hä­si­ýet­len­di.

Şa­hy­ryň mer­te­be­si, onuň türk­me­niň ta­ry­hyn­da­ky, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni-ede­bi dur­mu­şyn­da­ky or­ny mü­di­mi­dir. Mag­tym­gu­ly türk­me­niň kal­by­na iň be­ýik ynanç, aňy­na bol­sa dur­mu­şyň ýag­şy­sy­ny-ýa­ma­ny­ny ha­ta­syz sel­jer­ýän mä­hek da­şy, gö­reç­le­ri­ne öç­me­jek nur bo­lup ça­ýyl­dy. Dog­ru­sy­ny dog­ry aýt­ma­ly, ba­tyr­ly­gyň, adam­kär­çi­li­giň azat­ly­gyň, zäh­met­sö­ýer­li­giň, ha­lal­ly­gyň, wa­tan­per­wer­li­giň, pa­ra­sat­ly­ly­gyň, ki­çi­gö­wün­li­li­giň, ka­na­gat­ly­ly­gyň, oň­şuk­ly­ly­gyň, myh­man­sö­ýer­li­giň, umyt­ly­ly­gyň we ada­ma mah­sus gaý­ry bir­nä­çe oňat hä­si­ýet­le­riň hem­me­si­ni özün­de jem­le­ýän türk­me­niň ha­ky­ky bi­te­wi keş­bi hä­li-hä­zir­le­rem Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki ýa­ly de­re­je­de do­ly we köp­ta­rap­ly, çe­per we çuň­ňur, adam­zat kal­by­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çi­şi ýa­ly äh­li dö­wür­le­riň dur­muş ha­ky­ka­ty­na la­ýyk gel­ýän rö­wüş­ler­de şe­kil­len­di­ri­len däl­dir.

Akyl­dar şa­hy­ryň ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, wa­gyz et­mek ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň asyl­ly ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di. Ede­bi mi­ra­sy­my­zy yl­my esas­da öw­ren­mä­ge we wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Şemşat MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok