Ýagyş ölçeýji abzalyň bardygyny bilýärdiňizmi?!

Ýagyş ölçeýji, meteorologlar we gidrologlar tarapyndan bir meýdana belli bir wagtyň dowamynda ýagan ýagşy ölçemek üçin ulanylýan meteorologiki guraldyr. Meteorologlar we gidrologlar bu ölçegleri häzirki howa şertlerini kesgitlemek, geljekdäki howa şertlerini çaklamak, suw aýlawyna gözegçilik etmek we çaklama modellerini gowulandyrmak üçin ulanýarlar. Udometr, pluwiometr we ombrometr diýlip hem atlandyrylýan ýagyş ölçeýjileri, oýlanyp tapylan we giňden ulanylýan iň gadymy meteorologiki gurallaryň biri hasaplanýar.

Ilkinji ýagyş ölçeýji abzalyň Hytaýda Çu dinastiýasy döwründe takmynan 3000 ýyl ozal ulanylandygy mälim edilýär. Ýöne dünýäde kämil ýagyş ölçeýji abzal bolan «uryanggye» atly enjam Jang Yeong atly koreý tarapyndan ýasalypdyr. Bu abzal şol döwürler daýhanlaryň hasyl ýygnamak mümkinçiliginiň görkezijisi hökmünde ýagşy ölçemek üçin Koreýanyň çetki obalaryna iberilipdir.

«Uryanggye» enjamyndan ozal «Cheugugi» atly enjam ýagyş ölçemek üçin ulanylypdyr. Ol esasan hem ýagyş suwunyň çuňlugyny kesgitlemek ulanylypdyr. Şeýle-de bolsa, bu başlangyç usul dürli toprak görnüşleriniň arasyndaky siňdiriş derejesiniň tapawudy sebäpli takyk netije bermändir. Bu ýalňyşlyklary düzetmek üçin ygalyň möçberini takyk ölçemek we ýazga almak üçin birnäçe işler geçirilipdir.

Ilkinji ýagyş ölçeýji abzallar demirden, keramikadan, misden ýasalypdyr. Häzirki wagtda ýagyş ölçeýji abzalyň 5 görnüşi bar. Olar görnüşine baglylykda dürli ýerlerde ulanylýar.

Akmyrat SATYBALDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok