Güneşli ýurdumyzda biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärliklerdir gadymy galalar, kerwensaraýlardyr dürli täsin ýerler diýseň kän. Şolaryň biri-de, Köpetdagyň äpet gowagynda ýerleşen Köwata ýerasty kölüdir. Bu köl täsinligi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Onuň ini 14 metrden 23 metre barabardyr. Iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Suwunyň ýylylygy hemişe bir tabyny saklap, 35-37 derejeden geçmeýär. Gyş paslydygyna garamazdan, onuň suwuna girse bolýar. Suwy adam bedeni üçin diýseň ýaramly. Alymlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini anyklapdyrlar. Onuň suwunyň düzüminde 20 kilometr günbatarynda ýerleşen meşhur «Arçman» çeşmesiniňki ýaly, kükürtli wodorod, mikroelementleriň onlarçasy bar. Bu bolsa adam saglygy üçin örän peýdalydyr, bejeriş häsiýeti ýokarydyr. Şypaly kükürtli wodorod suwuna düşmek has ýakymly. Suwuň düzüminde kükürtli wodorod, ýod, magniý, kalsiý, natriý ýaly peýdaly himiki elementleriň 38-siniň bardygy alymlar tarapyndan anyklanylypdyr. Olaryň gan aýlanyşyga, guragyra, sowuklama, deridir bagyr kesellerine, nerw ulgamyny bejermekde peýdasy uludyr.
Gowaga hemme adama girmek maslahat berilmeýär, ýürek-damar keselliler, gan basyşy kadaly bolmadyk adamlar gowagyň suwuna girmekden saklanmalydyr. Onuň içiniň howasy aşa çygly, girelgesinden köle çenli bolan aralyk 200 metrlik ýol, basgançaklar bilen 55 metr aşak düşmeli. Gowagyň esasy girelgesinden gireniňden kalbyňy tebigatyň üýtgeşik täsinligi gaplap alýar. Basgançakdan aşaklygyna 10 metr ýöräniňden soň, kölüň suwunyň düzüminde bar bolan dermanlyk häsiýetli minerallaryň (elementleriň) yslary burnuňa urýar. Aşak düşdügiňçe, ençeme ýyllaryň dowamynda emele gelen dag gatlaklarynyň has geň, täsin görnüşlerini görmek hem-de olary tä köle ýetýänçäň synlamak juda ýakymly. Ýeriň şeýle çuň gatlagynda tebigy kölüň emele gelmegi aklyňy haýran edýär.
Häzirki döwürde täsin tebigy ýadygärlik bolan Köwata ýerasty köli dünýä ýüzündäki jahankeşdeleriň üns merkezinde. Syýahatçylardyr jahankeşdeler, myhmanlar Köwata baryp görmäge isleg bildirýärler. Olar şahyryň «Gudrat görseň daglara bar» diýen setirinden görnüşi ýaly, Köwatanyň täsinligini tebigatyň ajaýyplyklarynyň biri hasaplaýarlar. Oňa gudrat diýýärler.
Isa ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.
Teswirler