Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr..

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okanyňda onuň giň dünýägaraýşyny, çuňňur manyly sözleri, il-halkyň gün-güzerany, ulyny-kiçini sylamak, ata-enä hormat goýmak, aýal — gyzlaryň waspy, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk-häsiýetlere, olaryň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsirleri, garaz, durmuşyň ähli ugurlary boýunça paýhasly, parasatly setirlerini görmek bolýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary, ýaşaýyş aýratynlyklary, ruhy dünýäsi aýdyň beýan edilýär.

Ussat şahyrymyz Magtymgulynyň döredijilik temasy örän giň. Onuň köptaraply döredijiliginde watançylyk, öwüt-nesihat, söýgi, terbiýeçilik, agzybirlik, jebislik, edep-ekram babatdaky oňyn pikirler öňe sürülýär.

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII—XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan güniniň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler.

Goý, öz ýurdunyň beýik şahsyýetleriniň mertebesini öňküden-de beýgeldip, il-halkynyň alkyşyna mynasyp bolýan mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Munažat UMAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok