Güýzlük bugdaýyň täze sortlary

Bugdaý adam durmuşynda iň bir peýdaly ekinleriň biri hasaplanýar. Bugdaý- adamzadyň esasy iýjek çöreginiň esasyny düzýär. Şonuň üçin hem bugdaýyň täze sortlaryny döretmek her bir seleksioneriň öňünde goýan esasy maksady bolup durýar. Häzirki wagtda bugdaýyň birnäçe sortlary bellidir. Olaryň arasynda «Garaşsyzlyk-30» atly döwrebap sorty özüniň ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bu täze sorty Türkmenistanyň ähli sebitlerinde güýzlük möhletde ösdürip ýetişdirip bolýar. Sortdan ýokary hasyl almak üçin güýzlük bugdaýy bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde geçirilýän agrotehniki çäreleri ylmy taýdan bellenilen möhletlerde  hem-de kadalarda öz wagtynda ýerine ýetirmeli. Bu sorty ekmek üçin sebite mahsus bolan mehaniki düzümi boýunça ýeňil we orta toprakly, haşal otlardan arassa meýdanlar saýlanylyp alynmaly. Tohumlyk meýdanlar bolsa gaty  bugdaý ekilen meýdanlardan 500 metrden az bolmadyk daşlykda ýerleşdirilmeli. Sebäbi garşylyklaýyn tozanlanmanyň netijesinde birmeňzeşligiň ýitirilmegi, sortuň hili we hasyl berijilik sypatlarynyň peselmegi mümkin.

Bugdaýyň ýene-de sowuk şertlere durnukly «Rowaçlyk» we «Galkynyş» atly iki gyşlyk ýumşak sortlary bar. Bu görnüşli bugdaýlaryň ösüş döwri 200-210 gün bolup, olaryň düzümindäki belogyň mukdary 13-15%, kleýkowiniýanyň mukdary 32-34%, ýukalygy bolsa 65-70%-e deňdir. Geçirilen tejribe işleri täze sortlaryň  ösümlik kesellerine goňur we sary reňkli poslama garşy  durnuklylygyny görkezdi.

«Rowaçlyk» sortunyň hasyllygy üçin ýylda geçirilen synaglarda her gektardan 65,7 sentnerden ybarat boldy. Şeýlelikde adaty «Sähraýy» sortlardan 13,3 sentner artyk bugdaý alyndy.

«Galkynyş» sortunyň hasyllygy geçen birnäçe ýylda ortaça gektar 60 sentnerden ybarat boldy, amatly şertler döredilen ýagdaýynda has hem artyp biler. Bu ýokary görkezijiler Türkmenistanyň duzly we gurak howa şertlerine mahsusdyr.

Ysmaýyl HALMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok