Gün şöhlesinden goranalyň!

Gün şöhlesiniň, arassa howanyň, arassa suwuň adam saglygyna peýdasynyň uludygy hemmämize mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar. Ultramelewşe şöhleleriniň adam organizminde D witaminiň işlenip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne günüň aşagynda çakdan aşa gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adam saglygynda dürli bozulmalaryň döremegine getirmegi mümkin.

Günüň aşagynda aşa köp durulmagy netijesinde bedeniň öte gyzmagy bolýar we merkezi nerw sistemasynyň işine zeper ýetýär. Şonuň üçin Gün urmasyndan goranmagy başarmaly. Adamda gün urmasy bolan ýagdaýynda deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, başaýlanma, gulak şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese adamyň ýagdaýynyň has-da beterleşmegi mümkin.

Gün şöhlesiniň iň peýdaly wagty 6-00 dan 9-00 çenli bolan wagtdyr. Howanyň gyzmagy netijesinde adam organizmi köp suwuklyk bölüp çykarýar. Şonuň üçin hem ýaz, tomus aýlarynda içilýän suwuklygyň mukdaryny köpeltmeli. Suwa düşülýän ýerlerde ýa-da başga ýerlerde gün wannalaryny köp kabul etmeli däl. Gün şöhlesi adamyň jan saglygy üçin peýdaly hem bolsa ony ýerlikli ulanmagy başarmaly.

Şirin NARMÄMEDOWA,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok