Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler milli we oňyn halkara iş tejribelerini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ählisinde bilim bermegiň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary peýdalanylyp, elektron kitaplar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullar ulanylýar. Sanlylaşdyrmak döwrebap usul bolup, hil taýdan bilimiň kämilligini, netijeliligini artdyrýar. Internetiň giň mümkinçiliklerini, kompýuter tehnologiýalaryny bilim bermäge gönükdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Talyp ýaşlar üçin elektron kitaphanalardan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, ýaşlar ylmy kitaplar bilen tanyşýarlar, ylmy hem-de çeper döredijilik bilen meşgullanýarlar.
Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir derejesinde daşary ýurt dillerini okatmagyň talaplaryna we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman metodologiki çemeleşmelerine, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda kesgitleýän resminama hökmünde hereket edýär.
Ýaşlara döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi bilen olar sanly tehnologiýalara, işiň dürli görnüşlerine oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem ýaşlar döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, şeýle hem döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Goý, ata Watanymyzyň bilim binýadyny pugtalandyrmakda uly tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen ATAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler