Joşgunly aýdym-sazlar, şygyrlar ynsana ganat baglap, ony ýaşaýşa höweslendirýär. Şahyrlaryň göwün joşundan çykýan şygyrlar ynsan ruhuny galkyndyrýar. Muňa beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda has-da göz ýetirýärsiň. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary gymmatly hazynadyr.
Halkymyzyň şöhratly taryhy, beýik şahsyýetleri bar. Şolaryň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da sarpasy uludyr. Şahyryň goşgulary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Daşary ýurtly alymlar tarapyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ençeme ylmy işler, makalalar ýazyldy, halkara derejede ylmy maslahatlar geçirildi.
Beýik şahyr hakda söz açylanda: «Magtymguly aýdan bolsa dogrudyr» diýilýär. Munuň özi şahyryň döredijiligine halk tarapyndan berilýän anyk kesgitlemedir. Ata-babalarymyz şahyryň çuňňur many-mazmuna, paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserlerini öz durmuşlarynda sapak edinip ýaşapdyrlar. Bu ýörelge nesilden-nesle geçip gelýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir.
Begli GARAJAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler