Ahally ekerançylar ýazlyk ýeralma ekişine jogapkärli çemeleşýärler

Ahal welaýatynyň ekerançy daýhanlary ýazlyk ýeralmanyň ekişine jogapkärli çemeleşýär. Oba hojalygyndaky bu möhüm möwsüm welaýatyň Kaka etrabynda guramaçylykly alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda 1 müň 700 gektara ýazlyk ýeralma ekip, şondan 23 müň 800 tonna hasyl almak ugrunda yhlasly zähmet çekýän etrabyň janypkeş daýhanlary ekişde agrotehnikanyň talaplaryny birkemsiz berjaý edýär.

Etrabyň toprak-howa şertleri ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Bu hakykaty geçen ýyllarda sahawatly toprakdan öndürilen ýokary hasyl hem aýdyň görkezýär. Geçen ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde etrabyň daýhanlary jemi 2375 gektar meýdandan ýeralmanyň 33 müň 250 tonnadan gowragyny ýetişdirdiler. Daýhanlaryň arasynda bu ekini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplanlar az däl.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzasy bolup durýan şeýle ekerançylaryň uly topary daýhan birleşikleridir hojalyklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki amatly howa şertleri ýeralma ekişini bökdençsiz alyp barmaga we gysga wagtda tamamlamaga mümkinçilik berýär.

Gyzgalaňly günlerde «Parahat» daýhan birleşiginde, «Edermen pagtaçy», «Arzuwlara ýeten daýhan», «Datly zamça» daýhan hojalyklarynda ýazlyk ýeralmanyň ekişinde öwgä mynasyp işler bitirilýär. Sürümden öň tarp suwuny tutup, ýeri mineral we beýleki dökünler bilen birkemsiz iýmitlendirmekde, tekizleýiş hem-de joýa çekmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmekde tapawutlanan hojalyklaryň zähmetkeşleri öňe saýlanýarlar. Olar möwsümde ýeralmanyň «gala» görnüşini ekýär. Bakjaçy daýhanlar ýokumlylygy we ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan ekiniň bu görnüşinden geçen ýylda hem bol hasyl aldylar.

Atageldi BÄŞOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok