Hiç hi­li ses ge­çir­me­ýän üm­süm otag­lar

Ses ada­myň gün­de­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Gal­ma­gal­dan ýa­dan adam­lar asu­da te­bi­gat­da dynç al­ma­gy küý­se­ýär­ler. Ki­no­teatr­la­ra, teatr­la­ra, köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän zal­la­ry­na ba­ra­nyňyz­da, onuň iki ta­ra­pyn­da­ky di­wa­ryň ýum­şak ma­te­ri­al bi­len ör­tü­len­di­gi­ni gö­ren­si­ňiz. Bu zal­la­ryň otur­gyç­lary hem ýum­şak bol­ýar. Şeý­le zal­la­ryň aý­ra­tyn iç­ki be­ze­gi se­siň ýaň­lan­maz­ly­gy we za­lyň äh­li ýe­ri­ne deň ýet­me­gi üçin­dir. Ses ýaz­gy­la­ry­ edil­ýän stu­di­ýa­lar­da daş­ky gurşawdan ga­raş­syz aý­ra­tyn gur­luş bol­ýar. Şeý­le stu­di­ýa­la­ryň di­wa­ry her­nä­çe ses ge­çir­me­ýän hem bol­sa, olar daş­ky gurşawdan düýp­gö­ter ga­raş­syz däl. Dün­ýä­niň kä­bir ýer­le­rin­de dür­li mak­sat­lar bi­len döredilen hiç hi­li ses ge­çir­me­ýän üm­süm otag­lar hem bar. Dün­ýä­niň iň üm­süm ota­gy ABŞ-nyň Min­nea­po­lis şta­tyn­da­ky Or­fild la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da gur­lup­dyr. Bu ýer eşi­diş en­jam­la­ry­ny bar­la­mak üçin dö­re­di­lip­dir. Se­siň 99,99%-ini siň­dir­ýän bu otag «Ýer ýü­zün­dä­ki iň asu­da ýer» hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ota­gyň ses in­ten­siw­li­gi -9,4 de­si­bel. Ada­ty şert­ler­de is­len­dik wagt, hat­da «üm­süm» di­ýil­ýän ýer­ler­de or­ta­ça 30-60 de­si­bel ses bol­ýar. Ada­myň gu­la­gy­nyň eşi­dip bil­jek iň pes ses in­ten­siw­li­gi 0 de­si­bel­dir. Diý­mek, -9 de­si­bel ada­myň eşi­dip bil­jek de­re­je­sin­dä­ki se­siň ýok ýe­ri­dir. Bu otag­da hiç bir ses ýaň­la­nyp ýa-da ses tol­kun­lar ar­ka­ly ýaý­rap bil­me­ýär. Ses go­raý­jy di­war­la­ra der­rew «siň­ýär». Otag­da­ky üm­süm­lik 1 metr ga­lyň­lyk­da­ky aý­na çyk­gyt­lar, iki gat­ly po­lat di­war we 35 san­ti­metr ga­lyň­lyk­da­ky be­ton ör­tük bi­len üp­jün edil­ýär. Ota­gyň üm­süm­li­gi bi­len hat­da ada­myň ýü­rek ur­gu­sy­nyň se­si­ni, süňk­le­riň we bo­gun­la­ryň sä­hel­çe şy­tyr­da­my­sy­ny hem aň­sat eşi­dip bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň bu ýer­de ada­myň uzak wagt ga­la­sy gel­me­ýär. Ha­ky­ky «iç­ki se­si­ni» eşi­den adam bi­ra­hat bo­lup baş­la­ýar.

«Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ses­siz ota­gy bol­sa ýo­kar­da ag­za­lan ýer­den has üm­süm ha­sap­lan­ýar. Bu ýer kom­pa­ni­ýa­nyň Wa­şing­ton­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da gu­rul­dy. R&D at­ly mer­kez­de se­siň ba­dy -20,6 de­si­be­le ba­ra­bar. Bu otag dür­li yl­my iş­le­ri ge­çir­mek, kä­bir önüm­le­ri sy­nag­dan ge­çir­mek üçin iş­le­nip dü­zül­di. Bi­na her bi­ri 30 sm bo­lan al­ty gat­ly be­ton di­war­lar bi­len gur­lup­dyr. Kub şe­kil­li bi­na­nyň uzyn­ly­gy 6,36 met­re ba­ra­bar. Şeý­le hem di­wa­ryň ýü­zi ga­lyň­ly­gy 1,2 metr bo­lan ses siň­di­ri­ji ýum­şak ma­te­ri­al bilen örtülipdir. Otag ho­wa çal­şy­gyn­dan ýan­gyn sön­dü­ri­ji en­ja­ma çen­li äh­li zat bi­len üp­jün edi­len­dir. Dün­ýä­niň iň ses­siz ota­gyn­da köp wagt ge­çir­me­giň ba­şyň aý­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu otag elekt­ron zyn­jyr­la­ryň yr­gyl­dy­sy­ny we elekt­ron en­jam­lar gur­lan­da kon­den­sa­tor­la­ryň dö­red­ýän ses tol­kun­la­ry­ny öl­çe­mek üçin ula­nyl­ýar. 

Söhbet HOJAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki
tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok