Dag goçy

Täsin tebigaty bolan ýurdumyz ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Günorta-Günbatar Köpetdag hem şeýle ýerleriň biri bolup, bu ýerde duş gelýän ösümliklerdir haýwanlaryň ençeme görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde duş gelýän haýwanlaryň biri-de dag goçlarydyr.

Dag goçlary çyn şahlylar maşgalasyna degişli bolup, dag gerişleriniň eňňitlerinde, belentliklerinde, dagüsti sähralyklarda, dürli otly we pisseli baýyrlyklarda ýaşaýar. Dag goçy dagyň kert gaýalaryna bökjekläp münmäge we düşmäge ukyply bolýar. Olar 3 metr beýiklige, 4,5 metr uzaklyga çenli böküp bilýärler. Dag goçy biziň ýurdumyzda Gaplaňgyrda, Üstýurtda, Akjagaýada, Garagumda, Bathyzda, Köpetdagda, Köýtendagda gabat gelýär. Olar otjumak ösümlikleriň 7, gyrymsy agaçlaryň 8 görnüşini iýmit üçin ulanýarlar.

Dag goçlary ýatanlarynda çöketlik ýerlerde, sowuk şemaldan sowa ýerlerde gijäni geçirýärler. Beýleki toýnaklylaryň köpüsinde bolşy ýaly, dag goçlary hem irden, agşamara, käte bolsa gijelerine otlaýarlar. Günüň yssy wagtlarynda dynç alýarlar, gyşyna bolsa hemişe hereketde gezip, günüň bütin dowamynda otlap gezýärler. Iň gurak we yssy aýlarda olaryň aglabasy çeşmeleriň golaýyndaky öri meýdanlaryna aralaşýarlar. Çeşmelerden suwsuzlyklaryny gandyrmak üçin bu ýerlere yzygiderli gatnaýarlar.

Dag goçy göwresi uly, gelşikli haýwandyr. Bedeniniň uzynlygy goçlarynda 160, ene aýraklarda 140 santimetre ýetýär. Olaryň agramy bolsa 70 kilogramdan 180 kilograma çenli bolup bilýär. Bedeniniň tüý örtükleri sarymtyl çypar, goňras çypar reňklidir. Bokurdagynda we äňiniň düýbünde solak reňkli gür sakgaly bolýar. Ene aýrak 1-1,5 ýyldan köpelmäge başlaýar. Ol 2, seýrek ýagdaýda 3 guzy guzlaýar.

Dag goçlary howp abanýandygyny duýanlarynda esli wagtlap daş-töwereklerine diň salyp durýarlar. Eger-de ýyrtyjy haýwanlary görse, dessine dagyň kert gaýalaryna böküp, duşmandan arany açýarlar. Olaryň togalanyp, ýokary aýlanyp duran, özboluşly gözellik berýän şahlary bolsa şu jandarlary beýleki goşa toýnakly haýwanlardan düýpgöter tapawutlandyrýar.

Tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi görenleri guwandyrýar. Şonuň üçin hem tebigatyň janly-jandarlaryny, onuň gözelliklerini, baýlyklaryny geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Dawut AÝDOGDYÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok