Bedene

Her bir janly-jandara özboluşly häsiýet, gözellik mahsus. Bu guşlar babatynda hem şeýle. Guşlaryň guýrugy olaryň esasy bezegi hasaplanýar. Tawus guşunyň guýrugynyň owadanlygy hem aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Guýruksyz guş diýlende ilki bilen bedene göz öňümize gelýär. Geliň, bedene guşy barada käbir maglumatlar bilen tanyş bolalyň.

Bedene towuklar toparynyň käkilikler maşgalasyna girýän kiçijik guşdur. Özem ol bu maşgala girýän perrendeleriň içinde ýeke-täk uçup bilýänidir. Bedenäniň ýelekleri menek-menek bolansoň, ol alaň-açyk meýdanda-da beýle bir saýgardyp baranok, munuň özi ony janyna howp salýan ýagylardan goraýar. Agramy bary-ýogy 150—300 gramdyr. Şonuň üçin türkmen halkynda «Bedene semräp, batmana ýetmez» diýip jaýdar aýdylan nakyl hem bar.

Bedene uçmagy başarýan-da bolsa, seýrek halatda uçýar. Tagaşyksyz beden gurluşyna görä, olar uçmaga derek çalt ylganyny kem görmeýär. Özem olar süri bolup ýaşaýar. Ýerde, ösen otlaryň arasynda höwürtgeleýär.

Bedeneler dünýäde iň köp ýaýran guşlardyr. Olar Ýewropada-da, Demirgazyk we Günorta Afrikada-da, Aziýada-da duş gelýär. Madagaskarda, Afrikada olar amatly howa şertlerine laýyklykda tutuş ýylyň dowamynda göç etmän ýaşaýarlar.

Bedenäniň birnäçe görnüşi bolup, has giň ýaýrany ýewropa we ýapon bedenesidir. Ýapon bedenesi guşçulyk fermalarynda tagamly eti we ýumurtgasy üçin köpeldilýär, olaryň ýabany görnüşi tebigatda juda azdyr.

Ýabany bedeneleriň köpüsi ýewropa bedenesidir. Sowuk düşende höwürtgelemek üçin olar uzak aralyga göç edýärler. Aprel aýynyň başlarynda olar Türkmenistana, Eýrana uçup gelýärler. Bedene ýylda 250-300 ýumurtga berip bilýär. Onuň ýumurtgasy kindiwanja. Agramy bary-ýogy 10-12 gram töweregi. Ene bedene bir gezekde 20 ýumurtga basyrmaga ukyply. Bu towuklar bilen deňeşdireniňde üç esse köpdür. Bedene jüýjejikleriniň agramy 6 grama ýetýär, bir aýda olar 15 esse ulalýar. Iki aýda jüýjejikler uly bedenäniň agramyny alýar.

Bedenäniň bedeniniň gyzgynlygy 42 derejä ýetýär. Bedenine düşen wiruslar bada-bat ölýär. Şonuň üçin olar seýrek keselleýär.

Bedene etiniň ýokumlylygy ýokarydyr. Etiň düzümi D, B1, B2 witaminlerine baý bolup, ol rahit keseliniň (iglilik keseli, süňkleri kadaly ýagdaýda ösdürmeýän çaga keseli) öňüni alýar.

Akmyrat BEGENJOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok