Tebigatda gezelenç etmek psihologiki näsazlyklary aradan aýyrýar!

Ylmy gözlegleriň netijesinde finlandiýanyň alymlary hepdede 3 ýa-da 4 gezek ýaşyl we gök tebigatly ýerlere baryp görmegiň şäher ilatynyň alada, ukusyzlyk, depressiýa, ýokary gan basyşy we demgysma ýaly keselleriň öňüni almaga kömek edýänligini anykladylar.

Hünärmenler tebigatda gezelenç etmegiň adama ýetirýän täsiri dogrusynda ýörite gözlegleri geçirdiler. Gözlege meýletinçi birnäçe adam gatnaşdy. Gözlegiň netijesinde, ýygy-ýygydan ýaşyl we gök tebigatly ýerlere gezelenç etmegiň psihologiki näsazlyklary aradan aýryp, gan basyşyny kadalaşdyryp, ukusyzlyk, demgysma ýaly saglyk meseleleriniň öňüni alýandygy anyklandyldy.

Belläp geçsek, adamlaryň aň-düşünjesini, ukyp-başarnygyny, durmuşa bolan höwesini, işjeňligini ýokarlandyrmakda tebigatda dynç almagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Tebigatda dynç almak adamyň medeni, ruhy taýdan ösmegi üçin iňňän köp mümkinçilikleri döredýär. Ynsanyň saglygyny berkidýär, ömrüni uzaldýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hem ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy şeýle-de gowy dynç almagy ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň tokaý gaznasyny dikeltmek we artdyrmak, howasynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyzyň daş-töwereginde, ähli welaýatlarda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, uly we kiçi ilatly ýerlerde, ulag ýollarynyň ugrunda, Sarygamyş kölüniň gündogarynda giň möçberli tokaý zolaklary döredildi. Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär.

Baýrammyrat ÇÜRIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok