«UI Green Metric» reýtingine TITUKI goşuldy

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «UI Green Metric» Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy. Bu barada institutyň saýtynda habar berilýär.

Institut umumy reýting boýunça 4770 utuk gazanyp, 765-nji ýeri eýeledi.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gatnaşan Uniwersitetleriň halkara reýting bäsleşigi bilim edarasynyň halkara giňişlikdäki keşbini emele getirýän möhüm ölçegdir.

Global daşky gurşaw meseleleriniň uly üns berilýän döwründe durnukly jemgyýeti gurmaga ygtybarly goldaw bermäge taýýarlykly «ýaşyl» edaralaryň abraýy artýar.

«Green Metric» ýaly başga-da beýleki reýtinglere gatnaşýan ýokary okuw mekdeplerine dünýäniň uniwersitetleri bilen bäsleşmäge, «global kartada» durnuklylygy gazanmaga we abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

«Green Metric» reýtinginiň dünýä statistikasynda abraýly orny eýelemegi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty üçin ýene bir möhüm ähmiýetli üstünlige öwrüldi.

Ýaňy ýakynda bu abraýly reýtinge Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem goşulypdy.

«Green Metric» dünýä daşky gurşaw reýtingi Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda işlenip düzüldi we ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine goşýan goşandyny bahalandyrýan ilkinji halkara reýting boldy. Häzirki wagtda bu reýting, esasan, adamzadyň durnukly ösüş meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär we bu meseläni çözmäge gatnaşýan uniwersitetleriň halkara derejä çykmagyna goşant goşýar. «Green Metric» reýtinginiň artýan meşhurlygy we agzalarynyň giň gerimi geljekde onuň daşky gurşaw meselelerini çözmegiň täsirli serişdesine öwrülmeginiň mümkindigini görkezýär.

«UI Green Metric World University Rankings» dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini ekologiýa ugurlary boýunça derejeleýän edaradyr. Ol ýokary okuw mekdeplerini 6 ugur, ýagny uniwersitet gurluşy we onuň ekologiýa täsiri; galyndylaryň gaýtadan işlenilişi; ekologiýa bilimi we bu ugurdaky ylmy-barlaglar; suwuň aýawly ulanylyşy; ulag ugry boýunça derejelere bölýär.

Aýhan MAŞADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň,
jemagat infrasatrukturasy we inženerliçik

ulgamlary fakultetiniň talyby

Şeýle-de okaň:

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok