Dünýäniň iň gadymy dilleri

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 7 müň töweregi dil bolup, olaryň gelip çykyş taryhy dürli-dürlidir. Mälim bolşy ýaly, ilkinji ýazuw miladydan öňki 8-nji müňýyllykda Mesopotamiýada döräpdir. Gadymy dilleriň birnäçesiniň dürli sebäplere görä ýitip gidendigi çaklanylýar. Şu güne çenli saklanyp galan gadymy diller hem az däl. Dillere hem ulanyşdan galyp, ýitip howpy abanýar. Mysal üçin, gadymy Müsür dili bolan koptik dilinde gepleýän adam ýok diýen ýalydyr ýa-da latyn dili seýrek ulanylýan dil bolsa-da, ol hiç bir döwletiň ene dili däldir.

Latyn dili. Gadymy dilleriň hataryna ilkinji bolup latyn dilini agzamak bolar. Gadymy latyn dili dünýädäki iň köp öwrenilýän dilleriň biri bolup, ýokary okuw mekdeplerinde hem okadylýar. Gadymy latyn dili Watikanda we beýleki käbir ýurtlarda resmi hatlarda ulanylýar.

Grek dili. Grek diliniň taryhy biziň eramyzdan öň 1300-nji ýyldan başlaýar. Gadymy grekçe häzirki wagtda diňe Gresiýada, Gresiýa adalarynda, Türkiýede we Kiprde saklanyp galmak bilen, bu dilde 12 million adam gepleşýär.

Arap dili. Arap dili Arabystan ýarym adasynda döräp, ol ýerden hem Afrika we Gündogar ýurtlaryna ýaýrapdyr. VIII-XII asyrlarda pelsepewi dil hökmünde ulanylypdyr. Jemi 24 ýurduň ene dili bolan arap dilinde häzirki wagtda 420 million adam gepleşýär.

Euskara ýa-da bask dili. Bu diliň belli bir dil maşgalasy bilen baglanyşygy ýok bolup, ol günorta-günbatar Ýewropada gepleşilýän dillerden galan gadymy dil hasaplanylýar. Häzirki wagtda Ispaniýanyň we Fransiýanyň käbir ýerlerinde 750 müňden gowrak adam bask dilinde gepleýär.

Ýewreý dili. Bu diliň 3000 ýyllyk taryhy bolup, häzirki wagtda dünýä ýüzünde 9 million adam bu dilde gepleşýär. Ýewreý dili biziň eramyzdan soň ulanyşdan galan hem bolsa, ol XIX asyrda gaýtadan dikeldildi. Ýewreý dili Ysraýyl döwletiniň resmi dili bolup, ol 5 milliondan gowrak adamyň ene dilidir.

Tamil dili. Bu dili migrantlar Awstraliýa, Ýewropa, Kanada we ABŞ-na getirýärler. Diliň taryhy ortaça 2500 ýyllykdyr. taryhy bilen hötdesinden gelinmedik rekorda eýedir. Häzirki wagtda 80 milliondan gowrak adam bu dilde gepleşýär.

Sanskrit dili. Sanskrit dili biziň eramyzdan öň 2000-nji ýylda döräpdir. Hindi we bengal dilleriniň hem esasyny düzýän sanskrit dilinde häzirki wagtda Hindistanda 2 milliona golaý adam gepleýär.

Hytaý dili. 1 milliarddan gowrak adamyň gepleşýän hytaý dili, dünýäde iň köp gepleşilýän we iň gadymy dilleriň biridir. Hytaý dili 3000 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýar. Bu dilde bir-birinden tapawutlanýan ençeme dialektler bar. Onda adaty harplar däl-de, her bir bogun bir iýeroglif arkaly aňladylýar. Iýeroglifleriň döränine bolsa 3 müň ýyldan gowrak wagt geçipdir.

Aýbibi KUTLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok