Ýerdäki suwuň ýaşy kesgitlenildi

Ýerdäki iň gadymy suwuň 4 milliard 571 million ýyllykdygy çaklanylýar.

Hytaýly we italiýaly iki alym, täze gözleg geçirdi we planetanyň suwunyň çylşyrymly hasaplamalar arkaly haçan emele gelendigini jikme-jik açdy. Geçirilen ylmy gözleg «GeoScienceWorld Elements» atly ylmy žurnalda neşir edildi. Gözlege görä, Ýer ýüzünde suwuň iki çeşmesi bar. Olaryň birinjisi suw – Gün ulgamy sowuk bulut bolanda ýüze çykdy. Ikinjisi, planetalaryň emele gelen döwründe ýüze çykdy (4 milliard 543 million ýyl ozal).

Alymlaryň pikiriçe, Gün ulgamynyň döremeginiň ilkinji döwürlerinde emele gelen ilkinji suw Ýere gelip ýetipdir. Gün ulgamy aslynda «Gün nebulasy» diýilýän ullakan molekulýar bulutdan döräpdir. Bu bulutda suwuň esasy düzüm bölegi bolan wodorod bar. Ondan soň geliý, kislorod we uglerod bar. Bulutda silikat tozany we uglerod tozy ýaly ownuk zatlar hem bardy.

Ylmy gözlege görä, Gün ulgamyndaky suwuň taryhy şu ýerden başlanýar. Ýagny, wodorod we kislorod täsirleşme döredip, suwuň iki görnüşini emele getiripdir. Adaty suw we agyr suw.

Gözlegde, «Cecilia Ceccarelli» we «Fujun Du» atly iň gadymy suwuň Ýer ýüzünde bardygy ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin umumy suw mukdaryny we agyr suwuň mukdary ulanyldy. Hasaplamalarynyň netijesinde Ýerdäki suwuň 50 göteriminiň Gün ulgamynyň döremeginiň birinji tapgyryndan gelip çykýandygy ýüze çykdy.

Hydyr GARLYÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok