Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Ylym, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa ýokary okuw mekdeplerinde berilýän terbiýäniň, bilimiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Çünki geljekki ezber hünärmenleri taýýarlamak işinde her bir dersiň aýratyn orny bar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda terjimeçilik işiniň ösmegine hem uly badalga berildi.
Terjimeçilik işi özboluşly sungaty ýada salýar. Terjime edilýän eseriň has gyzykly, çeper bolmagy üçin terjimeçi şirinden-şirin, şireli we owadan sözleri ulanmaga çalyşýar. Ussat edebiýat terjimeçileriniň bellemegine görä, terjimäniň şowly çykmagy üçin iki dili hem suwara bilmek hökmanydyr.
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösmeginde, kämilleşmeginde edebi gatnaşyklar, edebi täsirler uly hyzmata eýedir. Şeýle gatnaşyklaryň taryhy öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halklaryň arasynda bolup geçýän dürli görnüşli gatnaşyklar olaryň sungatynda, edebiýatynda täze-täze žanrlaryň döremegine, kämilleşmegine we millileşmegine getirýär. Orta Aziýa we Gündogar halklarynyň edebiýatynda giňden ýaýran namaçylyk, dessançylyk, ertekiçilik däpleri edebiýatyň taryhy ylmynyň görkezişi ýaly, hut edebi, medeni we beýleki gatnaşyklaryň netijesinde bir halkyň edebiýatyndan beýleki halkyň edebiýatyna aralaşypdyr, ösüpdir, kämilleşipdir we dürli täze formalara eýe bolupdyr.
Edebi gatnaşyklaryň ösmeginde, ol ýa-da beýleki ýazyjynyň döredijiliginde edebi täsiriň ýüze çykmagynda, milli edebiýatyň, milli ylmyň gazananlarynyň dünýä ýaýylmagynda iň ygtybarly serişde – bu terjimedir. Eger çeper edebiýat sungat ulgamynyň wajyp bir pudagy bolýan bolsa, onda çeper terjime onuň aýrylmaz bir bölegidir. Çeper terjime hem sungat, hem ylymdyr. Ol öz gözbaşyny taryhyň iň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýar. Türkmen ýazyjylarynyň roman, powest, nowella, çeper we ylmy publisistika ýaly žanrlara ýüzlenmeklerinde-de çeper terjimäniň hyzmaty uly bolupdyr.
Häzirki ylmyň we tehnikanyň diýseň tiz ösmegi netijesinde terjimeçiligi sanly ulgamdan hem, sözlük kitaplaryndan hem öwrenmek bolýar. Iň esasy bolsa terjimeçiniň söz baýlygynyň kämilligi, sözleriň many-mazmunyna çuňňur düşünmegi gerekdir. Çünki edebi terjimede sözleri terjime etmek däl-de, eýsem, nakyllary, durnukly söz düzümlerini hem terjime etmeli bolýar. Şunda hem terjimeçiniň söz baýlygy oňat ýardam edýär. Şeýle hem ussat terjimeçiler ene diliniň we daşary ýurt diliniň sözlem gurluşyna aýratyn üns berýärler. Munuň özi hem pikiriň düşnükli bolmagyna, terjimäniň has-da kämilleşmegine oňat ýardam berýär.
Kakamyrat SOLTANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler