Asyrlaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmuşynyň taryhy tejribesiniň bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Taryhyň dürli döwürleriniň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyksöýüjilik, hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr. Garaşsyzlygymyzy gazanmak bilen, biziň ýurdumyz bu düşünjäni daşary syýasatyň anyk ugruna öwürdi hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugurlary saýlap aldy. Bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasaty ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklanmalaryň özenini düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, Bitarap ýurt hökmünde olaryň içki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we bileleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýady hökmünde saýlanyp alnan hemişelik Bitaraplygymyz dünýä bileleşiginiň iň iri we abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ykrar edilip, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanyldy.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz daşary syýasat ugrunda hemişelik, oňyn we işjeň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny saklaýar. Ol halkara parahatçylygyny we durnuklylygy berkitmäge, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem sebitde ýeke-täkligi bilen tapawutlanýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gözel paýtagtymyzda açylmagy biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan parahatçylyk söýüji, bu Guramanyň tertipnamasyndan gelip çykýan ýörelgelere ygrarly döwlet diýip ykrar etmeginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bu merkeziň işi sebitde işleriň dawasyz, sazlaşykly dowam etmegi ugrunda yzygiderli iş alyp barmaga gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu merkeziň işiniň netijeliligini dünýä jemgyýetiniň ykrar edýändigini alamatlandyrýar.
Serdar AHMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler