Älem baradaky geň galdyryjy maglumatlar

Käbir teoriýalara we gözleglere görä, älemde hiç bir zat hereketsiz durmaýar. Millionlarça ýyl ozal tutuş älem bir bölek boşlukdan ybaratdy we onuň ortasynda uly partlama boldy. Şeýlelikde, bu bir bölek köp böleklere bölündi. Bölekleriň her biri dürli tarapa zyňyldy. Bu bölekleriň käbiri biri-biri bilen birleşip, dürli planetalary we aýratyn galaktikalary emele getirdi.

Älem baradaky geň galdyryjy maglumatlar:

Alymlaryň çaklamalaryna görä, Akmaýanyň ýoly galaktikasynda azyndan 200 milliard ýyldyz we 50 milliard planeta bar;

Wodoroddan we geliýden ybarat gaz planetasy bolan Ýupiter iň agyr planetadyr. Ýupiter Gün ulgamynyň beýleki 7 planetasynyň birleşdirilen agramyndan 2,5 esse agyrdyr;

Astronomlar her gün azyndan 275 million täze ýyldyzyň emele gelýändigini çaklaýarlar;

Annie Jump Cannon – ýyldyz klassifikasiýasynyň esasyny düzen zenandyr. Cannon çagalygynda eşidişini ýitirýär. Şeýle-de bolsa ol, Äleme degişli köp üýtgeşmeleri girizmegi başardy;«A0620-00» ýagny başgaça  «V616 Mon» diýlip atlandyrylýan gara girdap, Ýere iň ýakyn gara girdap hasaplanylýar. Ýer bilen onuň arasynda takmynan 3000 ýyllyk aralyk bar;

Marsdaky «Olimpos dagy» 27 km beýiklikdäki iň beýik dagdyr. Şonuň üçin bu dag Ewerest dagyndan 3 esse beýikdir. «Olimpos»  şeýle bir beýikdir welin, bu dagyň depesi Marsyň atmosferasyndan hem daşda ýerleşýär.

Rahat GARAÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok