Howanyň arassalanmagy global ýylylygy ýokarlandyrýar

Hemra maglumatlaryna esaslanyp geçirilen gözleglerde hünärmenler howany hapalaýjy tozan bölejikleriniň 2000-nji ýyldan bäri ep-esli azalandygyna şaýat boldular. Bu saglyk taýdan hem uly öňegidişlik bolup durýar sebäbi howany hapalaýjy tozan bölejikleri we maddalar saglyga ýaramaz täsir edýär. Emma bu ýerde hünärmenleri aladalandyrýan zatlaryň biri howany hapalaýjy tozan bölejikleriň we maddalaryň azalmagy global ýylylygyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara toparyň beren habaryna görä, global ýylylyk öňki döwür bilen deňeşdirilende 2000-nji ýyldan bäri 1,1 dereje ýokarlandy.

Leýpsig uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze derňewinde howanyň hiliniň gowulaşmagy bu global ýylylygy ýokarlandyrandygyny subut edýär. Alymlar derňewde «NASA»-nyň hemralaryndan alnan maglumatlaryndan peýdalandy. Hemra maglumatlary esasan hem Demirgazyk Amerika, Ýewropa we Gündogar Aziýa ýaly sebitlerde howanyň hiliniň ep-esli gowulaşandygyna şaýatlyk edýär.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy 2025-nji ýyla çenli global ýylylygyň ýene-de 1,5 gradus ýokarlanjakdygyny habar berýär.

Emin GOÇYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok