Heňlän zady iýip bolarmy?

Ilki bilen, iýmitlerde we önümlerde döreýän «heň» näme şony öwreneliň! Aslynda, biziň «heň» diýip atlandyrýanymyz (ak-gara tegmiller) bu kömelekleriň sporalarydyr. Kömelekler bu sporalar arkaly köpelýärler. Iýmitlerde bolsa bu kömelekler şahalanmak arkaly köpelmegini dowam etdirýärler.

Şeýlelikde, heňlän zady iýip bolýarmy?

«Heňlän zadyň heňini aýryp iýip bolar. Zyýanly däl» – diýip pikir edýän bolsaňyz onda bu nädogry. Häzirki wagta çenli iýmitde döreýän bu kömekleriň (heň) käbiriniň zyýansyzlygy anyklanyldy. Emma iýmitde döreýän bu kömelekleriň (heň) käbiri örän zäherli bolup, iýlende allergiýa we demgysma sebäp bolup, hat-da ölüme çenli hem eltip bilýär.

Hünärmenler käbir iýmitde dörän heň böleklerinde barlag geçirdiler. Netijede, olaryň düzüminde kanserogen (rak keselini dörediji) madda bolan «aflatoksin»-iň barlygy anyklanyldy. Bu adam üçin örän zyýanly bolup, şeýle heňler adatça mekgejöwen we nohut ýaly önümlerde döreýär.

Heňlän zady iýdim, näme etmeli?

Ilki bilen, heňlän önüm iýen bolsaňyz howsala düşmäň! Iýeniňizden soň özüňize üns beriň. Saglygyňyzda hiç hili keseliň alamatlary ýok bolsa, onda gorkmaň! Hiç zat bolmaz! Eger-de ýüregiňiz bulansa, gyzdyrsaňyz, içiňiz geçse onda haýal etmän lukmana ýüz tutuň!

Köp adam gaýtarmaga synanyşýar. Bu nädogry. Siz beýtmäň! Immun ulgamyňyz gowy bolsa, onda hiç zat hem bolmaz. Aşgazanyňyz ony siňdirer. Önümlere baglylykda, olaryň heňlän ýerini kesip iýip bolar! Emma üns beriň, bu heňlän önüme baglydyr!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok