Alymlar Marsa däl-de, Wenera adam ibermelidigini nygtaýarlar

Alymlar soňky ýyllarda täze-täze açyşlary edýärler. Golaýda astronom alymlar  Wenera planetasynyň kislotaly bulutlarynda bakteriýalaryň öndürýän «fosfin» atly gazy tapandyklaryny habar berdiler. Bu bolsa ýaşaýyş alamatynyň bardygyny görkezýär.

Alymlar Wenera bulutlarynda ammiak bar, şonuň üçin bu ýerde keseki janly organizmler bolup biler diýip çaklaýarlar. Bu bildirişden soň, «NASA» we Ýewropa kosmos gullugy ýaly guramalar Wenera bilen has içgin gyzyklanmaga başlady.

Planetalary öwreniji alym Noam Izenberg: «Marsdan öň Wenera baryp görmeli. Marsa barmak üçin üç ýyl, Wenera barmak üçin bolsa bir ýyl gerek. Ýer bilen Wenera ululygy we gurluşy boýunça birmeňzeş, ýöne Wenera zäherli kükürt kislotasynyň bulutlary bilen örtülen. Şeýle hem, üstündäki temperatura +475 gradus. Wenera möhüm kosmos syýahatlarynda kosmos giňişligine möhüm goşant goşup biler. Ýagny, agyrlyk güýjüniň kömegi bilen kosmos syýahatlarynyň wagtyny gysgaldyp bolar.» – diýip belläp geçdi.

Eziz PARAHADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok