Alymlar: «Gamgynlygyň sebäbi D witaminiň ýetmezçiligi bolup biler»

ABŞ-ly alymlar geçiren gözleglerinde, gün şöhlesiniň adamy depressiýadan goraýandygyny anykladylar. Gözlegler netijesinde, gün şöhlesiniň beýni tarapyndan bölünip çykýan melatonini azaltmaga we bagt gormony diýlip atlandyrylýan serotoniniň köpelmegine täsir edýändigi anyklanyldy. Bu bolsa köp keselleriň döremek töwekgelçiligine D witaminiň ýetmezçiligi sebäp bolýandygyny aňladýar.

Alymlar hemişe gamgyn bolup ýören adamlara D witamini ýetmezçilik edýänligini aýdýarlar. Beden üçin zerur bolan D witaminiň diňe 10 göterimini iýmit bilen alyp bolýar. Lukmanlar ýumurtganyň sarysy, sygyr bagry we balyk ýagy ýaly iýmitleriň D witaminiň iň oňat çeşmesidigini mundan başga-da bedene zerur bolan D witaminiň köpüsiniň gün şöhlelerinden alynmalydygyny belleýärler.

Hünärmenler 65 ýaşdan garry adamlarda D witaminiň 75%-e çenli azalýandygyny we munuň bolsa D witamini ýetmezçiligi sebäpli döräp biläýjek keselleriň töwekgelçiliginiň ýokarydygyny belleýärler. Şol sebäpli wagtly-wagtynda D witamine baý önümleri kabul edip durmaly.

D witamine baý önümler:

  • Balyk;
  • Ýumurtga;
  • Süýt we süýt önümleri;
  • Kömelek;
  • Käşir;
  • Pyrtykal;
  • Bagyr;
  • Sarymsak;
  • Däneli ekinler.

Serdar MUMINOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok