Diňe sarymsak barada

Aşhanalaryň aýrylmaz bir bölegi bolan sarymsak, müňlerçe ýyl bäri lukmançylykda köp keselleri bejermekde ulanylypdyr. Sarymsak soganlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 60-100 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol çägesöw toprakda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik iýun-iýul aýlary gülleýär, iýul-awgustda miweleýär. Ol tohumy we soganlygy arkaly köpelýär. Sowuga durnukly ösümlik. Sarymsak dünýäniň köp ýerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Güýçli ysy we lezzetli tagamy bilen sarymsak dürli-dürli naharlary bişirmekde giňden ulanylýar.

Sarymsak mundan müňlerçe ýyl ozal, müsürliler, wawilonlylar, grekler, rimliler tarapyndan peýdalanylypdyr. Sarymsak örän ýokumly, emma kaloriýasy az bolup durýar. Sarymsagyň soganlygynda şeker (27%-e çenli), beloklar (8%-e çenli), C witamini (30 mg%-e çenli), efir ýagy, fitonsidler, fitosterinler, aliin (0,03%), inulin, demriň, magniniň, misiň, ýoduň duzlary saklanýar. Sarymsagyň ýaşajyk ýapraklarynda A, B, PP, C witaminleri (140 mg%-e çenli), folasin bar.

Lukmanlar sarymsagy tebigy antibiotik diýip atlandyrýarlar. Sebäbi ol immuniteti güýçlendirýär, sowuklamanyň öňüni alýar, gan basyşyny peseldýär, ýürek keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar, holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, alsgeýmer keseliniň we demansyň öňüni almaga kömek edýär, saç düşmeginiň öňüni alýar, ýokançlyklara garşy göreşýär.

Arslan ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok