Naryň peýdasy

Nar – saglyk üçin peýdaly we bejeriş häsiýetli miwedir. Bu miwe asyrlarboýy bedeni sagdyn saklamakda we keselleri bejermekde sarp edilip gelinýär.

Naryň düzümi kaliý, kalsiý, magniý we demir ýaly minerallara şeýle hem B1, B2, B5, B6, C, E, K, we witaminlerine baýdyr. Nar ýürek-damar, düwnük kesellerinde, süýjüli diabetde, ýokançlyklaryň öňüni almakda, ýatkeşligi güýçlendirmekde peýdasy uludyr. Käbir çeşmelerde nary aşa semizlikde horlanmaga kömek edýän miwe hökmünde hem bellenilip geçilýär. Naryň güýçli antioksidant täsirleri bolup bedendäki toksinleri aýyrmaga kömek edýär. Halk lukmançylygynda nar diş bilen baglanyşykly keselleri bejermekde hem ulanylýar.

Naryň diňe bir  miwesi däl, onuň gabygy hem saglyga peýdaly bolup durýar.  Öňki döwürlerde ata-babalarymyz naryň guradylan gabygyny gaýnag suwa atyp bejergi hökmünde içipdirler. Şeýle usul arkaly, dümewiň we sowuklamanyň öňüni almak, iýmit siňdirişi kadalaşdyrmak we holesterini deňleşdirmek mümkindir.

Maýa BAÝRAMOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok