Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011–2030-njy ýyllar
üçin Döwlet Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda nagt däl hasapla-
şyklaryň gerimini giňeltmek, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de
elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, sazlaşykly işleýän elektron
senagaty döretmek boýunça anyk wezipeler ýerine ýetirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Karz edaralary tarapyndan “Goýum bank kartynyň”, “Maşgala” bank kartynyň görnüşleri bellenen tertipde ylalaşylyp, kart hyzmatlarynyň täze görnüşleri raýatlarymyza hödürlenildi. Şeýle hem, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklary ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde, göni tertipde (online) amala aşyrmak mümkinçligi ýola goýuldy.
Türkmenistanyň bank ulgamy tarapyndan ilata döwrebap derejede hyzmat etmek, sanly bank önümleriniň gerimini giňeltmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak, oňa hyzmat etmek, şeýle hem ýurdumyzyň ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty» hem-de halkara «MasterCard» we «VISA» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.
2020-nji ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna ýurdumyz boýunça bank kartlarynyň sany 4 329,6 müňe ýetdi, töleg terminallarynyň sany bolsa 37,2
müňden geçdi. Soňky bäş ýylyň dowamynda bank kartlarynyň sanynyň 5,6
esseden gowrak, töleg terminallarynyň sanynyň bolsa 9 essä golaý ýokarlanandygyny hem bellemek gerek.
2020-nji ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna «Internet-bank» hyzmatyna
birikdirilen müşderileriň sany 560,8 müňden geçdi, «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 23,1 müňe ýetdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl
hasaplaşyklaryň möçberi 4,0 milliard manatdan geçdi, ýagny geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,37 esse ýokarlandy.
2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzyň karz edaralary müşderilere töleg terminallary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin ge-
çirilýän nagt däl tölegleriň degişlilikde 0,5–2 göterimini yzyna gaýtaryp
bermek, ýagny «Cash back» höweslendiriş hyzmatyny işe girizdi. Häzirki
wagtda bu hyzmatyň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň sany
günsaýyn artýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şol sanda bank ulgamyna sanly hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň degişli banklary tarapyndan
galtaşyksyz töleg tehnologiýasy bilen işleýän bank kartlary ulanyşa goý-
berildi. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan
«Mobil töleg terminaly», şeýle hem bölek satuw we hyzmat ulgamlarynda
QR-kod ulgamy arkaly hasaplaşyklary geçirmek boýunça taýýarlyk işleri
geçirildi.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
tarapyndan «Milli VISA kartyny» işe girizmek, «Senagat» paýdarlar täjir-
çilik banky tarapyndan welaýatlarda ýaşaýan raýatlaryň jemgyýetçilik awtobuslarynyň hyzmaty üçin hasaplaşyklaryny elektron ýol kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde amala aşyrmak mümkinçiligini döretmek boýun-
ça hem degişli işler geçirilýär.
Hemmämiziň bilişimiz ýaly bütin dünýäde sanly ykdysadyýet, informasion tehnalogiýa we hususy telekeçilik örän çalt depginde ösüp barýar. 4-nji senagat öwrülişigine girmek bilen, üns merkezinde sanly ykdysadyýet, emeli aň, göwrümli maglumatlar we robotehnika durýar. Bularyň ählisi dünýäde bazar, söwda ulgamynyň üýtgemegine getirdi, ýagny ählisi onlaýn amala aşyrylýar. Dünýäniň häzirki wagtdaky maliýe sistemasy birnäçe asyrlaryň dowamyndaky alyp barylan işleriň we ösüşiň netijesinde emele geldi. Tehnologiýanyň ösmegi belli bir derejede öňden bäri işläp gelýän töleg sistemalarynyň ählisine hem öz täsirini ýetirdi. Nagt görnüşli töleg amallarynyň ornuny nagt däl görnüşli töleg amallary tutup başladylar. Nagt däl görnüşli hasaplaşyklar bellibir bazarlarda we online söwda torlarynda nagt görnüşli töleg amallarynyň ýerine ulanylmaga başlady.
Geljekde bize töleg amallaryny ýerine ýetirmeklik üçin töleg sistemasynda ýene-de innowasialary işjeň ulanmaklygyň zerurdygyny aýdyp bileris. Esasan hem bu täzeçillik telefon arkaly tölegleri amala aşyrmaklyk mümkinçiligi bilen baglanyşyklydyr. Tehnologiki ösüş adamlaryň amallary ýerine ýetirişiniň görnüşini düýpgöter üýtgeder. Elbetde, jemgyýete ösen tehnalogiýalara baý bolmagyna garamazdan innowasion, howpsuz, täsirli hem-de amatly töleg sistemasy gerekdir.
.
Hasan RAHIMOW,
Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler