Sungat nazaryýetiniň öňdebaryjy zehinleri

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýetimizde we sungatymyzda uly üstünlikler gazanylýar, täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň sungatyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan ýurdumyzyň sungaty öwrenijileriniň arasynda geçirilen bäsleşik hem munuň aýdyň beýanydyr. Şanly ýylymyzda türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda sungaty öwrenijileriň bäsleşiginiň ilkinji gezek geçirilmegi örän buýsandyryjy wakadyr. Garaşsyz we baky Bitarap Watanymyzda suratlandyrýan we şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň parahatçylygy wasp edýän döwrebap çeper döredijiligini açyp görkezmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän çeper eserleri ýüze çykarmak bäsleşigimiziň baş maksady boldy.

Bäsleşige ýurdumyzyň sungat ojagy hasaplanýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda zähmet çekýän sungaty öwrenijiler öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda Baş baýraga Döwletmyrat Durdyýew, birinji orna sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow, ikinji orna Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ada Gutlyýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Döwrangeldi Moýtyýew, üçünji orna Bahar Magtymowa, Baba Guldurdyýew we Guwanç Mämiýew dagylar mynasyp boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, geçirilen şu bäsleşik Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi esaslandyrylandan bäri ilkinji gezek geçirilýändigi bile tapawutlydyr. Bu barada sungaty öwreniji Azat Annaýew öz çykyşynda “segsen üç ýylyň dowamynda birinji gezek sungaty öwrenijileriň arasynda şular ýaly bäsleşigiň geçirilýändigini” nygtap geçdi. Bäsleşige gatnaşdyrylan ylmy işler, makalalar, kitapçalar sungat dünýäsiniň dürli ugurlaryny, döwrümiziň çeper keşbini, taryhy şahsyýetlerimizi, ussat suratkeşleriň döredijiligini, eserleriň döreýiş taryhyny we mazmunyny beýan edýän görnüşde ýazylyp, manysy, çeperçilik aýratynlyklary, ýazylyş usullary boýunça biri-birinden täsirlidir. Şeýle-de bolsa, olaryň arasynda iň naýbaşysy saýlanylyp, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň baýraklaryna mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamakda “Zehinli iş”, “Bada bat”, “Kämil iş”, “Röwşen aýakgap” ýaly hususy kärhanalar, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi hemaýat berdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan geçirilen şu bäsleşik ýurdumyzyň sungat äleminde gazanylan üstünlikleriň biri diýip hasaplamak bolar. Sebäbi bäsleşik bolan ýerde ösüş bar, öňegidişlik bar. Ol ýaş sungaty öwrenijileri çuňňur hem yhlasly zähmet çekmeklige, öz käriniň eýesi bolup, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösüşine öz goşantlaryny goşmaklyga çagyrýar.

.

Gülnara Kurbanmuhammedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler
birleşiginiň sungaty öwrenijisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok