Türkmenistanyň heýkeltaraşlygynda döredijilik işgärleriniň portretleri

XX asyrdan başlap şu döwre çenli türkmen heýkeltaraşlyk sungaty özboluşly, çuňňur manyly hakyky durmuşy beýan edýän eserleri bilen baýlaşýar. Döredijilik gözleglerde türkmen heýkel ussatlary däp bolup gelýän usullaryny giňeldýärler we täze gözleglerinde žanr heýkeltaraşlyk däplerini dowam etdirýärler. Türkmen heýkeltaraşlarynyň döredýän eserleri döwrebapdyr. Olar dürli taslamalaryň üstünde işläp, esasan, adamyň keşbine ýygy-ýygydan ýüzlenýärler. Portret žanrynyň ösüşi adamyň içki dünýäsini açyp görkezmek ýoly bilen bagly bolupdyr. Portret şekillendirilen adamyň keşbinde döwrebaplygy ýüze çykarmagyň ykjam çeperçilik serişdesi bolup durýar. Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynda portret žanry meseleleriň agraslygy we ýitiligi, suratkeşleriň döredijilik gözlegleriniň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Heýkeltaraşlyk beýleki sungatlar ýaly hakyky dünýäni özboluşly göwrümli çeperçilik keşpde ýerine ýetirýär.    

Portret ynsan kalbynyň aýnasydyr. Her bir adamyň içki dünýäsi onuň ýüz keşbinde jemlenýär. Elbetde, ynsan kalbynyň gözelligi, onuň niýet-päli hökmany suratda ynsan gözelliginde jemlenýär. Şeýle gözelligi görüp, öz eserlerinde janlandyryp gelýän heýkeltaraşlarymyzyň biri hem Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyr. Heýkeltaraş portret eserlerinde türkmen taryhy bilen bagly we Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de özüniň ýakyn hossarlarynyň, döwürdeş adamlarynyň portretlerini ýerine ýetirip gelýär. Bu aýdylanlara mysal edip, halypa heýkeltaraşyň “Seljugyň keşbi”, “Ikinji Jahan urşunyň gahrymany Gurbandurdynyň portreti”, “Heýkeltaraş Ýedinazar Madatowyň portreti”, “Kompozitor Weli Muhadowyň portreti”, “Hindi gyzynyň portreti”, “Gyzyň portreti”, “Kakamyrat Baýlyýewiň portreti” ýaly ençeme portret eserlerini döredipdir. G. Ýarmämmedowyň portretleri hakykylygy bilen haýran galdyrýar we bu hakykaty heýkeltaraş öz işjeňligi bilen gazanýar. Heýkeltaraş öz şekillendirýän adamlarynyň içki dünýäsine aralaşyp, olaryň keşbini emosional häsiýetde ýerine ýetirýär.      

Taryhy we edebi şahsyýetleriň keşbini janlandyrmakda heýkeltaraşlyk sungatynyň ähmiýeti uludyr. Baryp müňlerçe ýyla uzap gidýän taryhy bolan bu hünär ata-babalarymyz tarapyndan ykrar edilen dürli-dürli pikirleri özünde jemläpdir. Aslynda, düýbi tutulan klassykanyň parfiýa äheňleriniň milli sungatymyzyň esaslarynda ýaşamagy ýöne ýerden däl. Sebäbi milli aňyýet, goý, näçe wagt geçse-de, tebigy hadysa hökmünde ýene-de täzeden dikelýär we galkynýar. Orta asyrlarda türkmen çeperçilik mekdebiniň ýörgünli ýoly yhlas bilen düşündirilýär. Hakyky şekiller diňe bezeg hökmünde ulanylýar. Türkmenistana sowet häkimiýetiniň getiren heýkeltaraşlyk sungaty bir görmäge täze ýaly hem bolsa, Nusaý heýkellerini ýatlanyňda, bu sungatyň biziň hem mirasymyz bolandygyna göz ýetirse bolýar. Biziň gözden geçirýän döwürlerimiz hyjuwly we gaýratly heýkeltaraşlar G. Ýarmämmedowyň “Birinji türkmen arhitektory Muhammet Atsyz” (1983) we  “Ýunus Emre” (1988), M. Seýitmyradowyň “Baýram han” (1985), B. Annamyradowyň “Zelili” (1984), S. Hudaýberdiýewiň “Çagyryş” (1973), J. Jumadurdynyň “Nesimi” (1972) atly eserleri milli mirasymyza we taryhymyza bolan uly söýginiň alamaty hökmünde öňe saýlanýar.

Türkmen heýkeltaraşlyk sungaty özboluşly çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Bu täsin sungatyň portret, toparlaýyn keşpler, nyşany, göçme manydaky (allegoriki) heýkeller ýaly görnüşleri biziň häzirki zaman sungatymyza giňden ornaşandyr. Elbetde, portret žanryna ýüzlenmedik suratkeş, heýkeltaraş ýok bolsa gerek. Adamyň içki dünýäsi portret eserleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Bu žanrda döredilen eserleri ýazyjydyr şahyrlaryň, suratkeşleriň, halk artistleriniň, kompozitorlaryň, kinorežissýorlaryň keşplerinde hem görmek bolýar. Ol şekillendirilýän eserler müdimi bolup, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiligini öwrenmekde uly ýardam edýär. Halypa we ussat heýkeltaraşlarymyz B. Annamyradowyň “Ýazyjy Berdi Kerbabaýew” (1992), S. Babaýewiň “SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewa”, “Kompozitor Nury Halmämmedow” (2000), “Suratkeş Çary Amangeldiýew” (2007), G. Ýarmämmedowyň “Kompozitor Weli Muhadow” (2000), “Heýkeltaraş Ýedi Madatow” (2014) we beýleki suratkeşleriň döredijiliginde portret žanryna bagyşlanan birnäçe eserler bar.            

2010-njy ýylda paýtagtymyzyň merkezinde özboluşly bir ruhy mirasgäh “Ylham” atly seýilgäh emele geldi. Türkmen milli aňyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan, dünýä medeniýetinde gaýtalanmajak eserleri bilen meşhur pederlerimiziň seýilgähde orun tapan heýkelleri kalplarymyza nur çaýýar. Türkmen topragy tanymal pirleriň, danyşment akyldarlaryň ýaşan, döreden watanydyr. Olaryň miras goýup giden döredijilik hazynasy ynsan nesliniň şu gününe-de, geljegine-de hyzmat edýär.

Bu heýkel-seýilgäh toplumy gadymy döwürlerdäki medeniýet we ylym işgärleriniň hem-de rowaýata öwrülen pederlerimiziň keşbini XX asyrda dowam etdirijileriniň şöhratly atlaryny ebedileşdirmek hem-de olary ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazmak, şeýle hem giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin niýetlenendir. Bu ajaýyp monumental desgany durmuşa geçirmek üçin binagärlik we bag-seýilgäh sungatynyň nusgawy ugurlary, özüniň keşbi, gözelligi we kaşaňlygy bilen ähli döwürlerde derwaýys bolan ýörelgeler saýlanyp alyndy. Merkezi alleýanyň iki tarapynda uzalyp gidýän heýkeller galereýasy seýilgähiň iň merkezi bölegidir. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän muzeýde 46 sany heýkel bolup, ol asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli bolan taryhy beýan edýär. Bu ýerde orta asyr akyldarlary, alymlary bilen birlikde XX asyryň ýazyjylarydyr şahyrlarynyň, dramaturglarynyň hem býust portretleri ýerleşdirilipdir. Olaryň arasynda Ata Gowşudow, Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Nurmyrat Saryhanow, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Nury Baýramow, Gurbannazar Ezizow dagy bar. Şahyrlaryň, filosoflaryň, alymlaryň we medeniýet işgärleriniň keşbini döretmäge ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Seýitguly Artykmämmedow, Nurmuhammet Ataýew, şeýle-de ýaş heýkeltaraşlar gatnaşdylar [15, 3 s.]. Bu ýerde deňölçegli sütünleriň üstünde oturdylan býust portretleri XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerine goýlan özboluşly ýadygärlikdir. Bu portretler ählisi birmeňzeş ölçegde we tehnikada ýerine ýetirilse-de, her biri şekillendirilen şahsyýetiň, şeýle-de ýerine ýetiren heýkeltaraşlaryň özboluşly aýratynlygyny özünde jemleýär. Bu heýkellerde şahsyýetleriň ruhy döredijilik dünýäsi, olaryň özboluşly zehini hem-de akyl-parasaty açylyp görkezmäge çalşylýar.

2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde açylan “Ylham” seýilgähinde heýkeltaraşlar B. Annamyradow, S. Babaýew, A. Jumaýew, G. Ýarmämmedow we beýleki heýkeltaraşlar tarapyndan türkmen edebiýatynda uly yz galdyran ýazyjylaryň, şahyrlaryň heýkelleriniň toplumy döredildi. B. Annamyradow hem Döwletmämmet Azadynyň we Berdi Kerbabaýewiň heýkelleriniň awtorydyr.  

“Ylham” seýilgähinde oturdylan bu eserlerde hem edil beýleki býustlardaky ýaly daşky keşbiň çuňňur meňzeşligi, şahsyýetiň belent ruhy ýörelgelerini wasp etme ýaly ugurlar öz beýanyny tapýar. Seýilgähde oturdylan býust portretleriniň ählisini synlanyňda, şekillendirilýän keşbiň içki dünýäsini suratlandyrmaga bolan ymtylma aýdyň görünýär. Bu şahsyýetleriň ählisi türkmen edebiýatynyň ösmegi üçin irginsiz zähmet çeken adamlar hasaplanýar. Olaryň döredijiligi her birimiz üçin synmajak paýhas mekdebi bolup durýar. Seýilgäh toplumynda Kerim Gurbannepesowyň portreti ussat heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedowyň kuwwatly gollaryndan çykan bolsa, Allaberdi Haýydow, Gara Seýitliýew ýaly zehinleriň  býust portretlerini Agameret Garaýew ýerine ýetirdi.

Monumental heýkel özüniň häsiýeti boýunça çuň manyly belent şekile, gözellige ymtylýar. Olar özboluşly ýyl ýazgysyny döredip, maslahat beriji ussatlara öwrülýärler. Özüniň syýasy işjeňligi we jemgyýetçilik ideýalaryny tassyklamaklyga ymtylýandygy üçin monumental heýkeltaraşlyga halk münberi hem diýilýär. Ol hakykatdan hem şeýle, sebäbi köpçüligiň aňyna we höwesine täsir etmekde oňa taý geljek sungat juda azdyr. Alamatlaryň dykgatly gözlenmegi, olary hyjuwly görnüşde beýan etmek, formalaryň dogruçyllyk bilen berilmegi özüniň anyk netijelerini berýär.

Dünýäniň dürli ýerlerinde heýkel toplumlary, ýadygärlikler bilen bezelen seýilgähler bar. Muňa mysal edip, Ýeriň ilkinji emeli hemrasynyň goýberilmeginiň on ýyllygy mynasybetli 1967-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde açylan “Kosmonawtlaryň seýilgähini” görkezmek bolar. Ol “WDNH” metrosynyň golaýynda, “Mir” şaýolynyň uzaboýuna ýerleşýän pyýadalar üçin niýetlenen memorial köçedir. Seýilgäh baý heýkel bezegi bilen özüne çekýär. Kosmonawtlaryň seýilgähi binagärler Mihail Barşiň hem-de Aleksandr Kolçiniň meýilnamasy boýunça guruldy. 1967-nji ýylda seýilgähde oturdylan býust heýkelleriniň arasynda Ýuriý Gagariniň, Walentina Tereşkowanyň, Pawel Belýaýewiň, Alekseý Leonowyň, şeýle-de konstruktor Sergeý Korolýowyň portretleri bardy. 2017-nji ýylda seýilgähde täze heýkel taslamasynyň açylyşy bolup, ol dört sany moskwaly kosmonawtyň býust heýkelini öz içine alýar. Olaryň arasynda Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany Aleksandr Aleksandrowyň, Walentin Lebedewiň, Swetlana Sawiskaýanyň hem-de Wladimir Solowýowyň portretleri bar.

2017-nji ýylda Russiýanyň Moskwa şäheriniň Petrowerig geçelgesinde “Russiýa patyşalarynyň seýilgähi” açyldy. Bu seýilgähde Rýurikden başlap, tä birinji prezident Boris Ýelsine çenli ähli taryhy döwürleriň patyşalaryny öz içine alýan jemi kyrk üç sany býust portretleri ýerleşýär. Postamentleri hem bürünç materialyndan guýlan bu heýkelleriň umumy beýikligi adamyň tebigy boýuna barabardyr. Seýilgähdäki “heýkel portretleriň galereýasynyň” awtory – SSSR hem-de RF-iň halk suratkeşi, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň prezidenti Z. K. Sereteli bolup durýar.

Şular ýaly seýilgähler Moldawiýanyň hem şäherlerinde guruldy. Mysal üçin, Kişinýow şäheriniň “Ştefan çel Mare” bagynda “Klassyklaryň seýilgähi” atly heýkel toplumy ýerleşýär. Seýilgähiň iki tarapynda gyzyl ýylmanan granitden ýasalan postamentiň üstünde Moldawiýanyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni işgärleriniň hem-de ýazyjylarynyň bürünçden edilen býust portretleri oturdylypdyr. Klassyklaryň seýilgähi granit sütüniň üstünde A. M. Opekuşin tarapyndan ýasalan A. Puşkiniň bürünç býusty oturdylan bagyň merkezini kesip geçýär. Bu seýilgäh 1958-nji ýylda bina edildi we ilkibaşda on iki sany býustlardan ybaratdy. Emma SSSR dargandan soň, ol sowet döwründe kän bir oňlanylmadyk moldawa medeniýet işgärleriniň, şeýle-de rumyn şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň býust heýkelleri bilen dolduryldy. Häzirki wagtda Klassyklaryň seýilgähinde ýigrimi bäş sany býust portretleri oturdylyp, olaryň ýerine ýetirilişine L. I. Dubinowskiý, D. Werdýanu, K. Medrýa, I. Keptenaru, W. Golýa ýaly heýkeltaraşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde beýik şahsyýetlerimize bagyşlanyp birnäçe ýadygärlikler goýuldy. Olar öz oturdylan ýeri bilen baglylykda desganyň ýa-da meýdançanyň çeper mazmunyny açyp görkezmäge niýetlenilýär. Muňa mysal edip, teatrlaryň, medeni desgalaryň öňünde goýlan ýadygärlikleri görkezmek bolar. Magtymguly Pyragynyň keşbini şekillendirýän ençeme monumental heýkeller paýtagtymyzyň we beýleki welaýatlaryň tebigy gurşawyny bezeýär.

Eziz Diýarymyzyň dürli ýerlerinde medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine goşant goşup giden şahsyýetleriň keşbini ebedileşdirýän ýadygärlikleriň gurulmagy eýýäm şol ynsana goýulýan bimöçber sarpanyň, hormatyň nyşanydyr. Bu ýadygärlikler tomaşaçyny şekillendirilýän şahsyýetiň keşbi bilen tanyşdyrýar, köplenç, şeýle halatlarda heýkeltaraşlar adamyň şahsyýetini, döredijiligini ýa-da bolmasa onuň kesp-kär aýratynlygyny açyp görkezmek üçin goşmaça atributlary hem ulanýarlar. Muňa mysal edip, N. Ataýewiň “Kompozitor Nury Halmämmedowiň” (1994) alyp görmek bolar. Heýkeltaraş sazandanyň keşbini has gowy açmak üçin onuň ýanynda dutaryň şekilini ýerleşdirýär. Bu eser uly göwrümli ýadygärlikdir. Şeýle-de bolsa heýkeltaraş kompozitoryň ýüz alamatlaryny inçelik bilen işläp, ýokary derejede portret meňzeşligini gazanýar. Takyk taslama çözgüt, ýagtylygyň we kölegäniň öwüşginleri mynasybetli ol kompozitoryň döredijilik ýagdaýyny, içki dünýäsiniň özboluşly ýitiligini ýüze çykarýar. Halmämmedowyň şahsy, gaýtalanmajak keşbi intellektual kärdäki adamyň belli bir tipiki häsiýetlerini görkezýär.

2006-njy ýylda ýurdumyz XVII asyrda ýaşap geçen belli türkmen şahyry Garajaoglanyň doglan senesiniň 400 ýyllygyna bagyşlap Saragt Babaýew Garajaoglanyň keşbini döretdi. Saragt Babaýew nusgawy keşbiň döredilmeginde öňden däp bolup gelýän ýörelgeden ýüz öwürýär. Heýkeltaraş Garajaoglany ýaş ýigidiň, aşyk ýigidiň keşbinde beripdir, sebäbi şahyryň otlukly sözlere we näzik duýgulara gaplanan goşgularyny okanyňda ony ýaşulynyň keşbinde göz öňüne getirmek örän çetin. Hakykatdan hem, Saragt Babaýewiň täzeçil pikir esasynda döreden şol eseri ýurdumyzyň monumental heýkeltaraşlygynda täze bir açyş boldy. Heýkeltaraş şahyryň juwan sypatly nazarkerde keşbini bürünje müdimilik ornaşdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilen heýkel eserleriniň ajaýyp nusgalarynda suratkeşleriň öz zamanasyna, çeper-estetiki däplere bolan filosofiki garaýşy, taryhy faktlary görkezmekde, şeýle-de gözelligi beýan etmekde özboluşlylyga ýykgyn edýändikleri görünýär. Heýkel eserleriň awtorlary şekillendirilýän gahrymanyň içki dünýäsini açyp görkezmek üçin gaýtalanmajak heýkeltaraşlyk usullaryny gözläp tapmakda özleriniň zehinliligini aňrujy bilen açyp görkezmegi başarýarlar. Häzirki wagtda milli şekillendiriş sungatymyzyň ýokary depginde ösüşini nazarda tutup, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän kämil we ýokary derejeli heýkel ýadygärlikleriniň günsaýyn mukdarynyň artýandygyny bellemek bolar. Geçmişde edebiýat, sungat, teatr we kino, aýdym-saz pudaklarynda yz goýup giden beýik şahsyýetleriň keşbini monumental göwrümlerde ýerine ýetirmek ählitaraplaýyn terbiýeçilik ähmiýete eýedir.

.

Annajahan Ýazwaliýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby.

Teswirler

Ali

Gaty gowy oy işime gaty kop komegi degdi