Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy

Türkmen halkynyň milli ruhunyň beýany bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä nusgalykdyr. Ol medeniýetimiziň, dilimiziň gymmatly hazynasydyr. Onuň döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da nurlanýar. Çuň many-mazmunly goşgulary okyjylary özüne çekýär. Şonuň üçin hem şahyryň «söz mülki» dünýämiziň bahasyz gymmatlygyna öwrüldi. Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy ugur adam terbiýesi bolup, adamyň kämil bolmagy, ylym-bilim öwrenmegi hakyndaky pikirler beýan edilýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biridir. Iki ýarym asyr gowrak wagt bäri türkmen halkynyň dürli syýasy, ykdysady, durmuşy öwrülişikleri başdan geçirendigine garamazdan, Magtymguly Pyragynyň giň mazmunly, çuň manyly şygryýetiniň gymmaty günsaýyn ýokarlanýar, syrly pikirleri bolsa, dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry hal­ka ru­hy lez­zet ber­ýär. Ede­bi­ýa­tyň ta­ry­hyn­da şyg­ry­ýe­ti bi­len öç­me­jek yz go­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çe­per dö­re­di­ji­li­gi ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ede­bi gym­mat­lyk­dyr. Da­na şa­hy­ryň paý­ha­syn­dan dö­rän dür­dä­ne se­tir­ler özü­niň çuň­ňur ma­ny­sy we çe­per­çi­li­gi bi­len her bir yn­sa­nyň kal­by­na gö­zel­lik çaý­ýar. Türk­me­niň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ar­zuw­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň çe­per dö­re­di­ji­li­gi bi­len dün­ýä halk­la­ry­nyň kal­byn­da-da mü­di­mi­lik orun al­dy.

Türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere gelip ýetmek bilen, ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşyp, ösüp gelýän ýaş nesliň, medeniýetiň kämil derejede ösdürilmegine, şahsyýetleri terbiýelemäge özboluşly goşant goşýar.

Dursun JUMAGELDIÝEWA,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň
esasy kitaphanaçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok