Üstünlige beslenýän aýdyň ýollar

    Häzirki wagtda ýurdumyz belent üstünlikler bilen ösüşiň aýdyň ýolundan öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Munuň özi halkyň bagtyýarlygyny, ýaş nesilleriň röwşen geljegini üpjün etmegiň möhüm şertidir. Eziz Diýarymyzda ýaş nesiller hakynda uly aladalar edilýär, olaryň kämil, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara bilim-terbiýe bermekde döwrebap innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, Watana we il-halkymyza wepaly, milli ruhy-ahlak ýörelgelerimize ygrarly, häzirki zaman ylym-bilimlerden we tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn, ruhubelent we kämil ynsanlar bolup kemala gelmeklerine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu döwrebap işleriň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwesitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary hem okuw sapaklaryndan boş wagtlary birnäçe ylmy işler bilen meşgullanýarlar. Uniwersitetiň talyplary halkara derejelerde geçirilýän ylmy bäsleşiklere gatnaşyp özleriniň ylmy işleri bilen baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Her ýylda  geçirilýän “Eurasian Patent Organization (EAPO)” guramasynyň alyp barmagynda halkara derejede geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine uniwesitetimiziň talyplary hem işjeň gatnaşýarlar.

     “EAPO” guramasy 20 ýyldan bäri oýlap tapyşlaryň birnäçe ýaryşlaryny geçirýär. Bu gurama Ýewraziýa Patent Konwensiýanyň agza döwletleriniň çäginde hereket edýär. Her ýyl gurama dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan gatnaşýan gatnaşyjylaryň ylmy işlerine baha berýär. Ýaryş, ýaş ýetginjekleriň ýaş ortalamalaryna görä alnyp barylýar. EAPO halkara ýaryşynyň özüne mahsus talaplary bolup durýar. Ýagny:

∙ täze ylmy açyş;

∙ ylmy teoriýalar we matematiki usullar;

∙ maglumatlary takyk görkezmek;

∙ ykdysadyýeti goramagyň we dolandyrmagyň usullary;;

∙ nyşanlary, meýilnamalary, düzgünleri ýerleşdirmek;

∙ logiki amallary etmegiň usullary;

∙ kompýuterler üçin algoritmler we programmalar taýýarlamak;

∙ desgalar, binalar, ýerler üçin taslamalar we meýilnamalary ýerleşdirek;

Şeýle-de önümiň daşky görnüşine , estetiki zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

    Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň talyplary hem bu halkara ýaryşa gatnaşyp mynasyp orunlara eýe boldular. 2022-nji ýylda “EAPO” guramasynyň geçirmegindäki “Geljege Garaýyş” atly halkara ylmy işler boýunça bäsleşikde şol fakultetiň “Materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy” taýýarlygynyň ugrunyň talyby Öwezdurdyýewa Gülnar “Türkmenistanyň ýerli çig mallaryndan (dolomit, bişofit) alnan önümden ýokary temperatura durnukly magneziýa kerpiçleri taýýarlamagyň tehnologiýasynyň ylmy esaslaryny işläp düzmek” atly ylmy temasy 120 gatnaşyjynyň arasynda 3-nji oruna mynasyp boldy.  

(https://www.eapo.org/ru/info/univers2022_results.php)      Şeýle-de 2021-nji ýylda “EAPO” guramasynyň geçirmegindäki halkara ylmy işler boýunça bäsleşikde fakultetiň “Materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy taýýarlygynyň ugrunyň talyby Begmuradow Rahymguly “Türkmenistanda ýerli çig mal bolan gowaça çöpüniň esasynda ekologiki taýdan arassa bioetanolyň öndüriliş tehnologiýasy” atly ylmy temasy 3-nji oruna mynasyp bolupdy. (https://www.eapo.org/ru/info/univers2021_results.php)   Bu ýetilýän üstünlikler uniwersitetimiziň talyplarynyň halkara derejesinde bilim almagynyň  hem-de dyngysyz çekýän zähmetiniň aýdyň subutnamasydyr.

Mukam EKÄÝEW,

Türkemistanyň Oguz han adyndaky 
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň
Nanotehnologiýalar we materiallary öwrenmek 
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok